Türkmenistanyň Konstitusiýasy

From Wikisource
Jump to navigation Jump to search
Türkmenistanyň Konstitusiýasy  (2016) 
Türkmenistanyň Konstitusiýasy

(rejelenen görnüşi)

Biz, Türkmenistanyň halky,

öz ykbalymyzy kesgitlemäge bolan mizemez hukugymyza esaslanyp,

Watanymyzyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärligimizden ugur alyp,

ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine wepalylygymyzy we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygymyzy beýan edip,

milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip,

adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip,

jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp,

Türkmenistanyň Esasy Kanunyny – şu Konstitusiýany kabul edýäris.

I BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ ESASLARY[edit]

1-nji madda. Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.

Türkmenistan öz çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyna we dolulygyna eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewüdir hem bölünmezdir.

Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär.

2-nji madda. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.

Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.

3-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.

Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur.

4-nji madda. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.

Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar.

Her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdir.

5-nji madda. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.

6-njy madda. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler.

7-nji madda. Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ykrar edilýär we kepillendirilýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdyr. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýärler.

8-nji madda. Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenendir.

Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur.

Kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär.

Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler.

9-njy madda. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.

Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

10-njy madda. Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda edinilýär, saklanylýar we bes edilýär.

Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär.

Hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Türkmenistanyň raýaty başga döwlete berlip, Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp ýa-da onuň Watanyna gaýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez.

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär.

11-nji madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de borçlary ýerine ýetirýärler.

Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär.

12-nji madda. Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär. Şeýle hem olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete degişli bolup biler. Döwletiň aýratyn eýeçiligi bolup durýan obýektler kanun bilen bellenýär.

Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär.

Kanunda gadagan edilen usul bilen edinilen eýeçilikden başga eýeçiligiň muzdsuz alynmagyna ýol berilmeýär.

Diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda eýeçiligiň muzduny töläp, mejbury alynmagyna ýol berilýär.

13-nji madda. Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär.

14-nji madda. Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir.

15-nji madda. Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir.

Döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär.

Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär.

16-njy madda. Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar.

Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär.

Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

17-nji madda. Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär.

Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler.

18-nji madda. Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr, olaryň döwletiň işine gatyşmagyna we döwletiň wezipelerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär.

Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir.

19-njy madda. Syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we gaýry gurluşlaryň taglym ulgamy raýatlar üçin hökmany häsiýete eýe bolup bilmez.

20-nji madda. Döwletiň özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bardyr.

21-nji madda. Türkmenistanyň döwlet dili türkmen dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini peýdalanmak hukugy kepillendirilýär.

22-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary – Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

23-nji madda. Türkmenistanyň çägi welaýatlara, etraplara, şäherlere we beýleki dolandyryş-çäk birliklerine bölünýär. Dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

24-nji madda. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir.

II BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ WE RAÝATYŇ HUKUKLARY, AZATLYKLARY WE BORÇLARY[edit]

25-nji madda. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär.

26-njy madda. Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr.

Konstitusiýa we kanunlara laýyk gelmeýän bolsa, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.

Adamyň we raýatyň belli bir hukuklarynyň we azatlyklarynyň Konstitusiýada we kanunlarda sanalyp geçilmegi olaryň beýleki hukuklaryny we azatlyklaryny inkär etmek ýa-da kemeltmek üçin peýdalanylyp bilinmez.

27-nji madda. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gös-göni hereketi bardyr. Olar kanunlaryň manysyny, mazmunyny we ulanylmagyny, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň işini kesgitleýär we adyl kazyýetlik bilen üpjün edilýär.

28-nji madda. Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär.

29-njy madda. Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr.

Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

30-njy madda. Hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyýan ýetirmeli däldir.

31-nji madda. Her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr.

Hiç bir zat şahsyýetiň mertebesiniň peseldilmegi üçin esas bolup bilmez.

32-nji madda. Her bir adamyň ýaşamaga we ony amala aşyrmagyň erkinligine hukugy bardyr. Hiç kim ýaşamaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýar.

Türkmenistanda ölüm jezasy ýatyrylandyr.

33-nji madda. Kanuna takyk laýyk gelmeýän bolsa, adama iş kesilip ýa-da jeza berlip bilinmez.

Hiç kim gynamalara, zorluk ulanylmagyna, zalymlyk, adamkärçiliksizlik ýa-da adam mertebesini peseltmek bilen ýüzlenilmegine ýa-da jeza berilmegine, şeýle hem onuň razylygy bolmasa, lukmançylyk, ylmy ýa-da başga tejribelere sezewar edilip bilinmez.

Adam diňe kanunda takyk görkezilen esaslar bar bolan halatynda kazyýetiň karary boýunça ýa-da prokuroryň sanksiýasy bilen tussag edilip bilner. Gaýra goýmak bolmaýan hem-de kanunda takyk görkezilen halatlarda ygtyýarly döwlet edaralary adamy wagtlaýyn tutup saklamaga haklydyrlar.

34-nji madda. Her bir adamyň jenaýat etmekde günäliligi kanun esasynda subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança ol günäsiz hasap edilýär.

Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir.

Günäliligi barada dörän, aradan aýryp bolmajak şübheler aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär.

35-nji madda. Her bir adamyň erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige hukugy bardyr.

Adam diňe kanunda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan günäli diýlip bilnen we iş kesilen halatynda jenaýat jezasyna sezewar edilip bilner.

36-njy madda. Hiç kim şol bir jenaýat üçin gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip we oňa iş kesilip bilinmez.

37-nji madda. Her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki habarlarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan goranmaga hukugy bardyr.

38-nji madda. Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.

Eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň wezipeli adamlary her bir adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän resminamalar bilen onuň tanyşmagyna mümkinçilikleri üpjün etmäge borçludyrlar.

39-njy madda. Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr.

Aýry-aýry çäklere girmegiň, şol çäklerde hereket etmegiň çäklendirilmegi diňe kanun esasynda bellenip bilner.

40-njy madda. Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar.

Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar.

Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.

Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar.

Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.

41-nji madda. Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr.

42-nji madda. Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur.

Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez.

Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.

43-nji madda. Raýatlara kanunda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär.

44-nji madda. Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar.

Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna kast edýän syýasy partiýalaryň we gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalaryň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär.

45-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

46-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynyň elýeterliligine deň hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýatlarynyň adyl kazyýetlik amala aşyrylanda gatnaşmaga hukugy bardyr.

47-nji madda. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.

48-nji madda. Hususy eýeçilik hukugy kanun bilen goralýar.

Her bir adam eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydyr.

Miras hukugy kepillendirilýär.

49-njy madda. Her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr.

Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr.

Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez.

50-nji madda. Her bir adamyň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlarynyň, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr.

Döwlet adam üçin dynç almaga we boş wagtyny peýdalanmaga amatly şertleri döredýär.

51-nji madda. Her bir raýatyň ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna hukugy bardyr.

Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Adamyň öz ýaşaýyş jaýyny kast etmelerden goramaga hukugy bardyr.

Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez.

52-nji madda. Her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr.

Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

53-nji madda. Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär.

Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr.

54-nji madda. Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr.

Ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär.

55-nji madda. Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr.

Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.

Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär.

Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär.

56-njy madda. Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar.

Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.

57-nji madda. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr.

58-nji madda. Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir.

59-njy madda. Her bir adam kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçludyr.

60-njy madda. Her kime at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär.

Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine we hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

61-nji madda. Her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugy bardyr.

62-nji madda. Adam öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez.

Psihiki ýa-da fıziki täsir etmegiň netijesinde, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur.

63-nji madda. Döwlet her bir adama ýuridik kömegi almaga bolan hukugy kepillendirýär. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýuridik kömek tölegsiz berilýär.

64-nji madda. Raýatyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur. Amala aşyrylan pursadynda hukuk bozulmasy hökmünde ykrar edilmedik hereketler üçin hiç kim jogapkärçilik çekip bilmez.

65-nji madda. Raýatlaryň şu Konstitusiýada göz öňünde tutulan aýry-aýry hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy diňe adatdan daşary ýa-da harby ýagdaýlar düzgüni şertlerinde Konstitusiýada we kanunlarda bellenen tertipde we çäklerde çäklendirilip bilner.

III BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ ULGAMY[edit]

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER[edit]

66-njy madda. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýarlar.

67-nji madda. Ýerlerde döwlet häkimiýeti ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI[edit]

68-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.

69-njy madda. Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner.

70-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halky tarapyndan gös-göni ýedi ýyl möhlete saýlanýar we kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär.

Türkmenistanyň Prezidentini saýlamagyň we onuň öz wezipesine girişmeginiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

71-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti:

1) Konstitusiýany we kanunlary durmuşa geçirýär;

2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, gepleşikleri geçirýär we halkara şertnamalaryna gol çekýär, daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanyň ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär we yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç we yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyny düzýär;

4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, Ýaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek we ulanmak hakynda buýruk berýär;

5) Türkmenistanyň harby doktrinasyny tassyklaýar;

6) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň ýokary serkerdeligini wezipelere belleýär we wezipelerden boşadýar;

7) Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini düzýär we oňa baştutanlyk edýär;

8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny tassyklaýar;

9) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty Mejlisiň garamagyna hem-de tassyklamagyna hödürleýär;

10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger, Mejlis deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;

11) ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky ýüzlenmeler bilen Türkmenistanyň halkyna we Mejlisine ýüzlenýär;

12) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär;

13) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr;

14) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, oňa dikeltmek, raýatlykdan çykarmak we raýatlygy ýitirmek, şeýle hem gaçybatalga bermek hakynda meseleleri çözýär;

15) Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

16) Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

17) Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýär;

18) rehim etmegi we günä geçmegi amala aşyrýar;

19) adatdan daşary we harby ýagdaýlaryň düzgünini girizýär;

20) Konstitusiýada we kanunlarda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

72-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bolan permanlary, kararlary we buýruklary çykarýar.

73-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputaty bolup bilmez.

74-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Onuň at-abraýy we mertebesi kanun bilen goralýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň üpjünçiligi, hyzmat edilişi we goragy döwletiň hasabyna amala aşyrylýar.

75-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlis özüniň döredýän garaşsyz lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edýär. Şeýle çözgüt Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda meselä Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegi boýunça seredilip bilner. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakynda mesele ählihalk sala salşygyna goýulýar.

76-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýanyň 71-nji maddasynyň 2-nji, 15-nji, 18-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Mejlisiň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan başga ygtyýarlyklaryny beýleki döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur.

Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Prezident saýlanylýança onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçýär. Şu halatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçen gününden başlap, altmyş günden gijä goýulman geçirilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň borçlaryny ýerine ýetirýän adam Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenip bilinmez.

Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizilip bilinmez.

III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI[edit]

77-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.

78-nji madda. Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar.

79-njy madda. Mejlis aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

80-nji madda. Mejlis deputatlaryň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olaryň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

81-nji madda. Mejlis:

1) Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;

2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;

4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;

5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;

8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar;

9) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;

11) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar;

12) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär;

13) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

14) Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

82-nji madda. Mejlis aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Mejlis tarapyndan hökman garalmalydyr.

Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

83-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

84-nji madda. Mejlisiň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, şeýle hem dilden we hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir.

85-nji madda. Döwlet Mejlisiň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

86-njy madda. Deputat deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe Mejlis tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele boýunça çözgüt Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Mejlisiň razylygy bolmasa, deputat administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygy çäklendirilip bilinmez.

87-nji madda. Mejlisiň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.

88-nji madda. Mejlisiň Başlygy gizlin ses bermek bilen saýlanýar. Ol Mejlise hasabat berýär hem-de Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, ol Başlygyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär, Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy mümkin bolmasa, onuň borçlaryny ýerine ýetirýär.

89-njy madda. Mejlisiň Prezidiumy Türkmenistanyň Mejlisiniň işini guramagy amala aşyrýar.

Prezidiumyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

90-njy madda. Mejlisiň, onuň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenýär.

IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETI[edit]

91-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr.

92-nji madda. Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar girizilip bilner.

Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap, bir aýyň dowamynda düzülýär we täze saýlanan Prezidentiň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar.

93-nji madda. Ministrler Kabinetiniň mejlislerini Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri alyp barýar.

Ministrler Kabineti öz ygtyýarlylygynyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär we buýruklary çykarýar.

94-nji madda. Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

2) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem goramak, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini we milli howpsuzlygy goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

3) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça teklipleri, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de olary Mejlisiň garamagyna berýär;

4) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny amala aşyrýar;

5) döwlet kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagy guraýar;

6) tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär;

7) pul we karz ulgamyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri görýär;

8) zerur bolan halatynda Ministrler Kabinetiniň ýanynda komitetleri, baş müdirlikleri we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny döredýär;

9) daşary ykdysady işi amala aşyrýar, daşary ýurt döwletleri bilen medeni we gaýry gatnaşyklaryň ösmegini üpjün edýär;

10) hökümet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň işine ýolbaşçylyk edýär; ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hukuk namalaryny ýatyrmaga haklydyr;

11) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

95-nji madda. Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary, onuň işiniň tertibi, beýleki döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär.

V BAP. KAZYÝET HÄKIMIÝETI[edit]

96-njy madda. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir.

Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.

97-nji madda. Kazyýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry gurluşlaryň döredilmegine ýol berilmeýär.

98-nji madda. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe Konstitusiýa we kanuna tabyndyrlar. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we oňa gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

99-njy madda. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär.

100-nji madda. Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar. Kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

101-nji madda. Kazylar mugallymçylyk, döredijilik we ylmy-barlag işlerinden başga hak tölenilýän haýsydyr bir beýleki wezipäni eýeläp bilmezler.

102-nji madda. Işlere kazyýetlerde kollegial garalýar, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa kazy ýekelikde garaýar.

103-nji madda. Kazyýetlerde işler açyk seljerilýär. Işiň ýapyk mejlisde diňlenilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär.

Kazyýet önümçiligi taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýar.

104-nji madda. Kazyýet önümçiligi döwlet dilinde alnyp barylýar. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň kömegi arkaly işiň materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak, şeýle hem kazyýet mejlisinde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär.

105-nji madda. Taraplaryň Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütlerine, hökümlerine we gaýry kararlaryna şikaýat etmäge hukugy bardyr.

106-njy madda. Kazyýetleriň çözgütleri, hökümleri we gaýry kararlary Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.

107-nji madda. Ýuridik kömegi almaga bolan hukuk kazyýet önümçiliginiň islendik tapgyrynda kepillendirilýär.

Ýuridik kömegi bermek adwokatlar we şeýle kömegi bermäge hukugy bolan beýleki fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

108-nji madda. Kazyýetleriň ygtyýarlylygy, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

VI BAP. DÖWLET HÄKIMIÝETINIŇ ÝERLI EDARALARY[edit]

109-njy madda. Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde kanunda bellenilen tertipde ýerli wekilçilikli edaralar – halk maslahatlary döredilýär, olaryň agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanýarlar.

110-njy madda. Halk maslahaty degişli çäkde:

1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar;

2) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklaýar;

3) kanunylygyň berjaý edilmegine we jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär;

4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerli ýerine ýetiriji edaralaryň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýär;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen halk maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Halk maslahatynyň kabul eden kararlary degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.

Halk maslahatynyň, onuň agzalarynyň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

111-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýeti ýerlerde: welaýatlarda – welaýat häkimleri, etraplarda – etrap häkimleri, şäherlerde – şäher häkimleri amala aşyrýarlar.

112-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar hem-de oňa hasabat berýärler.

113-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.

Häkimler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolan kararlary kabul edýärler.

114-nji madda. Häkimleriň wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

IV BÖLÜM. ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ[edit]

115-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary emele getirýärler.

Geňeşler agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanylýan wekilçilikli edaralardyr.

116-njy madda. Geňeş degişli çäkde:

1) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) býujeti düzýär we tassyklaýar, onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar;

3) salgytlary we ýygymlary, olary almagyň tertibini belleýär;

4) özüne degişli eýeçiligi dolandyrýar;

5) tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitleýär;

6) jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga ýardam edýär;

7) kanun tarapyndan Geňeşiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Geňeşiň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kabul eden çözgütleri degişli çäkde ýerine ýetirmek üçin hökmanydyr.

Geňeşlere amala aşyrylmagy üçin zerur bolan maddy we maliýe serişdelerini bölüp bermek arkaly kanun bilen aýry-aýry döwlet ygtyýarlyklary berlip bilner. Berlen ygtyýarlyklaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär.

117-nji madda. Geňeş öz agzalarynyň arasyndan Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýän we oňa hasabat berýän arçyny saýlaýar.

Arçyn Geňeşiň çözgütleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem ýerli ähmiýeti bolan gaýry meseleleri çözýär.

118-nji madda. Geňeşleri we çäk jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralaryny döretmegiň we işiniň tertibi, şeýle hem olaryň döwlet häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklary kanun bilen kesgitlenýär.

V BÖLÜM. SAÝLAW ULGAMY, SALA SALŞYK[edit]

119-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugy bardyr, her bir saýlawçynyň bir sesi bardyr.

Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen, şeýle hem azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän raýatlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegi ýol berilmesizdir we ol kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

120-nji madda. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýär.

121-nji madda. Saýlawlar göni saýlawlardyr we saýlanylýan adamlar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanýarlar.

122-nji madda. Saýlawlarda ses bermek gizlindir, ses bermegiň barşynda saýlawçylaryň öz erk-islegini beýan edişine gözegçilik edilmegine ýol berilmeýär.

123-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

124-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň has möhüm meselelerini çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner.

Sala salşygyň netijesinde kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk ýoly bilen ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner.

125-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň teklibi boýunça ýa-da saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlaryň azyndan iki ýüz elli müňüsiniň teklibi boýunça ählihalk sala salşygyny geçirmek barada çözgüdi kabul etmek hukugy Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir.

126-njy madda. Ýerli sala salşyklary bellemek hukugy öz başlangyjy boýunça ýa-da degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan dörtden bir böleginiň teklibi boýunça Geňeşe degişlidir.

127-nji madda. Sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek arkaly geçirilýär.

Sala salşyklara Türkmenistanyň saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary gatnaşýarlar.

128-nji madda. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary we harby ýagdaýlar düzgüni hereket edýän döwründe geçirilmeýär.

VI BÖLÜM. PROKURATURA[edit]

129-njy madda. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär.

Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşýar.

130-njy madda. Prokuratura dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär.

131-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär.

Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

132-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diňe kanuny gollanýarlar.

133-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ygtyýarlylygy, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.

VІI BÖLÜM. YKDYSADYÝET WE MALIÝE-KARZ[edit]

ULGAMY

134-nji madda. Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär.

135-nji madda. Döwletiň salgytlary, ýygymlary we gaýry hökmany tölegleri, olary tölemek borjunyň esaslary, salgyt töleýjiniň hukuk goragynyň ulgamy kanun tarapyndan bellenýär.

136-njy madda. Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamy býujet ulgamyny, bank ulgamyny, maliýe edaralaryny, şeýle hem kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we Türkmenistanyň raýatlarynyň maliýe serişdelerini öz içine alýar.

Türkmenistanda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar.

137-nji madda. Türkmenistanyň býujet ulgamy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüm bölekleri bolan ähli derejedäki býujetleriň jeminden ybaratdyr.

Türkmenistanyň býujet ulgamynyň düzülişiniň we işlemeginiň umumy ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary kanun bilen kesgitlenýär.

138-nji madda. Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär.

139-njy madda. Türkmenistanyň milli pul birligi manatdyr.

Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň dolanyşygy kanun bilen düzgünleşdirilýär.

VIII BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER[edit]

140-njy madda. Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalary Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýär.

Konstitusiýada we kanunlarda görkezilen düzgünler biri-birine gabat gelmedik halatynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär.

141-nji madda. Konstitusiýanyň döwlet dolandyryşynyň prezident respublikasy görnüşi hakynda düzgünleri üýtgedilip bilinmez.

142-nji madda. Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek hakynda konstitusion kanun, eger Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär.


Public domain in U.S.
Public domain in U.S.
This work is in the public domain in the U.S. because it is an edict of a government, local or foreign. See § 313.6(C)(2) of the Compendium of U.S. Copyright Office Practices, 3rd ed. 2014 (Compendium (Third)) . Such documents include "legislative enactments, judicial decisions, administrative rulings, public ordinances, or similar types of official legal materials."

These do not include works first published by the United Nations or any of its specialized agencies, or by the Organization of American States. See Compendium (Third) § 313.6(C)(2) and 17 U.S.C. § 104(b)(5).


A non-American governmental edict may still be copyrighted outside the U.S. Similarly, the above U.S. Copyright Office Practice does not prevent U.S. states or localities from holding copyright abroad, depending on foreign copyright laws and regulations.

English | español | français | italiano | 日本語 | +/−