Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda

From Wikisource
Jump to navigation Jump to search
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda  (2001) 

TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda
(täze görnüşi)

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 1, 3-nji madda)

(Türkmenistanyň 26.03.2011 ý. № 175-IV, 20.12.2014 ý. №162-V, 26.03.2016 ý. № 381-V, 20.10.2018 ý. № 80-VI we 13.03.2021 ý. № 339-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

1 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr.

2 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gönüburçly matadyr. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden birýarym esse uludyr.

Baýdak ýaşyl reňklidir. Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary gölleri ýerleşdirilendir, olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan, onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlaýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen, uçlarynda kiçelýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.

Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňkli ýarymaý we bäş sany bäşburçly ýyldyz şekillendirilendir.

3 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşakdaky ýerlerde gerilýär:

Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, gaýry döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda – hemişelik;

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň maslahatlarynyň geçirilýän ýerlerinde - maslahatlaryň geçirilýän bütin döwründe;

döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň jaýlarynda - hemişelik;

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik, konsullyk we gaýry wekilhanalarynyň jaýlarynda – hemişelik;

ulag serişdelerinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň diplomatik we gaýry resmi wekilleri bolan mahalynda.

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ulanmagyň beýleki ýagdaýlary we halatlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

4 madda. Hatyra güni – 6-njy oktýabrda hatyra çäresi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşak düşürilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň yglan eden çözgüdi boýunça beýleki halatlarda matam tutmak we hatyra çäresi hökmünde aşak düşürilip bilner.

5 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, onuň reňki, şekili, ölçegi we materialy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnama arkaly bellenilen ölçege, reňke, materiala we şekile laýyk gelmelidir.

6 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylan we düşürilen mahaly, şeýle hem dabaraly yöriş bilen geçilen mahaly baýdaga hormat goýmak, nyzamy «göneliň» ýagdaýynda amala aşyrylýar.

7 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüňi alyp barmak) arkaly hem-de islendik beýleki görnüşde hormatyny gaçyrmaga, şeýle hem oňa hormat goýmazlyga ýol berilmeýär.

8 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ulanylmagy, onuň hormatynyň gaçyrylmagy ýa-da oňa hormat goýulmazlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Türkmenistanyň Prezidenti

Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

2001-nji ýylyň 24-nji ýanwary

№ 57-II


Public domain in U.S.
Public domain in U.S.
This work is in the public domain in the U.S. because it is an edict of a government, local or foreign. See § 313.6(C)(2) of the Compendium of U.S. Copyright Office Practices, 3rd ed. 2014 (Compendium (Third)) . Such documents include "legislative enactments, judicial decisions, administrative rulings, public ordinances, or similar types of official legal materials."

These do not include works first published by the United Nations or any of its specialized agencies, or by the Organization of American States. See Compendium (Third) § 313.6(C)(2) and 17 U.S.C. § 104(b)(5).


A non-American governmental edict may still be copyrighted outside the U.S. Similarly, the above U.S. Copyright Office Practice does not prevent U.S. states or localities from holding copyright abroad, depending on foreign copyright laws and regulations.

English | español | français | italiano | 日本語 | +/−