Jump to content

Türkmenistanyň Kanuny Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda

From Wikisource
Türkmenistanyň Kanuny Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda (2012)
320759Türkmenistanyň Kanuny Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda2012

TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y

Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 8-nji madda)

(Türkmenistanyň 25.11.2017 ý. № 668-V Kanuny esasynda girizilen goşmaçalar bilen)

Şu Kanun ylym, edebiýat we sungat eserlerini (awtorlyk hukugy), ýerine ýetirmeleri, fonogrammalary we wideogrammalary, gepleşik guramalarynyň gepleşiklerini (gatyşyk hukuklar) döretmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

[edit]

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

awtor – özüniň döredijilikli zähmeti bilen ylym, edebiýat we sungat eserini döreden fiziki şahs;

audiowizual eser – öz aralarynda şekiller bilen (sesli ýerine ýetirme bilen ýa-da şonsuz) baglanyşýan seriýalardan ybarat bolan, hereketlenmäge täsir döredýän, görüş (we eşidiş) arkaly kabul edip bolýan eser. Audiowizual eserlere, olaryň ilkibaşdaky ýa-da soňraky gönükdiriliş usullaryna garamazdan, kinematografiýa (tele-, wideofilmler, diafilmler we beýlekiler) meňzeş serişdeler bilen aňladylýan kinematografiýa we gaýry eserler degişlidir;

maglumatlar binýady – döredijilikli zähmetiň netijesi bolup durýan (maglumatlaryň kompilýasiýasy) we şeýlelik bilen bu maglumatlaryň kompýuteriň kömegi bilen tapylyp bilner ýaly we işlenip taýýarlanar ýaly ulgamlaşdyrylan materiallary seçip almak ýa-da ýerleşişi boýunça maglumatlaryň (makalalaryň, hasaplamalaryň, faktlaryň we beýleki materiallaryň) jemi;

wideogramma – audiowizual esere goşulan şekilleriň ýazgysyndan başga ses alyp barmak bilen ýa-da şonsuz yzygiderli şekilleriň islendik ýazgysy;

eseriň ýa-da gatyşyk hukuklar obýektiniň gaýtadan döredilmegi – eseriň ýa-da gatyşyk hukuklar obýektiniň kompýuteriň we beýleki kompýuter enjamlaryň ýadynda hemişelik ýa-da wagtlaýyn saklanylmagyny goşup, islendik usul bilen we islendik maddy görnüşde eserleriň ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektiniň ýa-da olaryň bölekleriniň bir ýa-da köp nusgalyklarynyň taýýarlanylmagy;

kompýuter programmasynyň dekompilirlenmegi – kompýuter programmasynyň gurluşyny öwrenmek we kodirlemek maksady bilen deslapky ýazgyda obýekt kodunyň özgerdilmegini öz içine alýan tehniki tär;

ýazgy – birnäçe gezek kabul etmäge, gaýtadan döretmäge ýa-da habar bermäge mümkinçilik berýän haýsydyr bir maddy görnüşde tehniki serişdeleriň kömegi bilen sesleriň we (ýa-da) şekilleriň ýa-da olaryň şekillendirmeleriniň ýazyp bellenilmegi;

audiowizual eseri taýýarlaýjy – şeýle eseriň taýýarlanylmagy üçin öz üstüne başlangyç we jogapkärçilik alan fiziki ýa-da ýuridik şahs; başga subutnamalar bolmadyk mahalynda audiowizual eseri taýýarlaýjy hökmünde adaty usul bilen bu eserde ady ýa-da atlandyrylyşy bellenen şahs ykrar edilýär;

fonogrammany taýýarlaýjy – ýerine ýetirmegiň ilkinji ses ýazgysynyň ýa-da beýleki sesleriň ýa-da sesleriň şöhlelendirmeleriniň amala aşyrylmagy üçin öz üstüne başlangyç we jogapkärçilik alan fiziki ýa-da ýuridik şahs; başga subutnamalar bolmadyk mahalynda fonogrammany taýýarlaýjy hökmünde ady ýa-da atlandyrylyşy degişli ýagdaýda bu fonogrammada ýa-da onuň gabynda bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs ykrar edilýär;

wideogrammany taýýarlaýjy – ses alyp barmak bilen ýa-da şonsuz yzygiderli şekilleriň ilkinji ýazgysynyň amala aşyrylmagy üçin özüne başlangyç ýa-da jogapkärçilik alan fiziki ýa-da ýuridik şahs; başga subutnamalar bolmadyk mahalynda wideogrammany taýýarlaýjy hökmünde ady ýa-da atlandyrylyşy degişli ýagdaýda bu wideogrammada ýa-da onuň gabynda bellenilen fiziki ýa-da ýuridik şahs ykrar edilýär;

ýerine ýetirmek – janly ýerine ýetirmekde ýa-da haýsydyr bir tehniki serişdeleriň (tele-, radio alyp eşitdirişiň, kabel telewideniýesiniň we beýleki tehniki serişdeleriň) kömegi bilen oýun, deklamasiýa, aýdymlar, tans arkaly eseri, fonogrammany we wideogrammany, oýunlary bermek; olaryň yzygiderliliginde (ses alyp barmak bilen ýa-da şonsuz) audiowizual eseriň kadrlaryny görkezmek;

ýerine ýetiriji – roly oýnaýan, aýdym aýdýan, okaýan, deklamirleýän, saz guralyny çalýan ýa-da haýsydyr bir ýagdaýda edebiýat ýa-da sungat eserini ýerine ýetirýän (şol sanda estrada, sirk ýa-da gurjak nomeri) aktýor, aýdymçy, sazanda, tansçy ýa-da başga şahs, ýa-da folklor aňlatmasy, şeýle hem oýun goýujy režissýor we dirižýor;

kompýuter programmasy – geljekde maşyn arkaly okalýan görnüşde aňladylan sözler, kodlar, shemalar görnüşinde ýa-da başga görnüşde gollanmalaryň jemi, belli bir maksatlara ýa-da netijä ýetmek üçin kompýuteri herekete getirmek; kompýuter programmasy ony işläp taýýarlamagyň barşynda alnan we onuň audiowizual şöhlelendirmelerini döredýän taýýarlyk materiallaryny hem öz içine alýar;

eseri halka ýetirmek – awtoryň razylygy bilen amala aşyrylan hereket bolup, ol ilkinji gezek çap etmek, köpçülikleýin görkezmek, köpçülikleýin ýerine ýetirmek, ýaýlyma bermek ýa-da başga usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin eseri elýeter edýär;

awtorlyk we (ýa-da) gatyşyk hukuklara eýelik ediji:

- awtora ýa-da ýerine ýetirijä emläk hukuklary berlen halatlarda awtor ýa-da ýerine ýetiriji;

- ilkibaşda emläk hukuklary şeýle fiziki ýa-da ýuridik şahsa berlen halatlarda awtora ýa-da ýerine ýetirijä, ýa-da ýuridik şahsa garanda başga fiziki şahs;

- emläk hukuklary berlen fiziki ýa-da ýuridik şahs;

çap etmek (dünýä çykarmak) – satmak, kireýine bermek, köpçülikleýin prokat arkaly ýa-da eýeçilik hukuklaryny ýa-da eseriň, fonogrammanyň, wideogrammanyň nusgalyklaryna eýelik etmek hukugyny başga hili bermek arkaly jemgyýetiň paýhasly isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik mukdarda awtoryň ýa-da awtorlyk hukuklarynyň we gatyşyk hukuklaryň başga eýesiniň razylygy bilen eserleriň, fonogrammalaryň, wideogrammalaryň nusgalyklaryny dolanyşyga çykarmak; çap etmek diýlip maglumatyň elektron ulgamlarynyň üsti bilen esere, fonogramma, wideogramma elýeterligi bermeklige hem düşünilýär;

ýaýlyma bermek – radio we telewideniýe boýunça (kabel telewideniýesinden başga), şol sanda hemralaryň üsti bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin gepleşik guramalarynyň eserlerini, fonogrammalaryny, wideogrammalaryny, ýerine ýetirmeleri, gepleşikleri bermek. Hemranyň üsti bilen ýaýlyma eserler, fonogrammalar, wideogrammalar, ýerine ýetirmeler, gepleşik guramalarynyň gepleşikleri berlende ýaýlyma bermek diýlip ýerüsti stansiýasyndan hemra signallaryň kabul edilmegine we olaryň köpçülik tarapyndan hakyky kabul edilişine garamazdan hemmeleriň dykgatyna ýetirip bilinjek eser, fonogramma, wideogramma, ýerine ýetirmek, gepleşik guramalarynyň gepleşigi arkaly hemradan signallaryň berilmegine düşünilýär; kodlaşdyrylan signallary bermek, eger dekodirlemek serişdeleri köpçülige ýaýlym gepleşik guramasy tarapyndan berilse, ýa-da onuň razylygy bilen berilse, ýaýlyma bermek bolup durýar;

gepleşik guramasynyň gepleşigi – ýaýlym ýa-da kabel gepleşik guramasynyň özi tarapyndan, şeýle hem onuň buýurmasy boýunça ýa-da onuň serişdeleriniň hasabyna – başga gurama tarapyndan döredilen gepleşik;

prokata bermek (kireýine bermek) – täjirçilik peýda almak maksady bilen eserleriň ýa-da gatyşyk hukukly obýektleriň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny wagtlaýyn peýdalanmaga bermek;

bezeg-amaly haşam sungatynyň eseri – elde ýa-da senagat usuly bilen döredilen we iş ýüzünde peýdalanmak wezipeleri bolan ýa-da iş ýüzünde peýdalanmak närseleri üçin geçirilen sungat eseri;

jemagat ýerine ýetirilişi – hem gös-göni (janly ýerine ýetirişde), hem islendik enjamlaryň we prosesleriň kömegi bilen deklamasiýa, oýun, aýdym, tans arkaly ýa-da başga hili gepleşik guramalarynyň eserlerini ýerine ýetirijileri, fonogrammalary, wideogrammalary bermek, şeýle hem audiowizual eseriň şekillerini olary yzygiderlilikde (onuň seslerini alyp barýan gaýtadan döretmek bilen) şol bir maşgalanyň agzalary bolup durmaýan adamlaryň giň toparynyň gatnaşýan ýerinde ýa-da ýerlerinde görkezmek;

jemagata habar bermek (hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin habar bermek) – gatyşyk hukuklaryň eserlerini ýa-da obýektlerini ýaýlyma kabel boýunça bermek, şeýle hem şeýle usul bilen elýeter bolan hakyky eserler ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleri diýlip kabul edilişine garamazdan habar bermegiň ýerinde bolmaýan wekilleriniň jemagatyň eşidiş we (ýa-da) görüş kabul edişine çenli olaryň islendik başga usullar bilen ýetirilmegidir (nusgalyklaryň ýaýramagyny hasaba almazdan);

jemagat görkezilişi – eserleriň, ýerine ýetirmeleriň wideogrammalaryň, gepleşik guramalarynyň gepleşikleriniň gös-göni ýa-da plýonkanyň, diapozitiwiň, telewizion kadryň kömegi bilen ýa-da haýsydyr bir beýleki tehniki serişdeler arkaly ekranda asyl nusganyň ýa-da nusgalygyň islendik görkezilmegi, şeýle hem olaryň yzygiderliligini berjaý etmezden ýerinde jemagat üçin açyk bolan ýerde ýa-da şol bir maşgalanyň agzalary bolup durmaýan adamlaryň giň toparynyň gatnaşýan ýerinde audiowizual eseriň aýry-aýry kadrlaryny görkezmek;

jemagat prokaty – hyzmatlary köpçülik üçin niýetlenilen kitaphanalar ýa-da arhiwler ýaly guramalar tarapyndan girdeji almak maksady bolmazdan belli bir wagtda eseriň asyl nusgasyna ýa-da nusgalygyna eýelik etmek hukugyny bermek;

oýun goýujy režissýor – teatr, sirk, gurjak, estrada ýa-da başga spektakly (oýny) goýan şahs;

reprografik gaýtadan döretmek (reprodusirlemek) – suratyň nusgasyny almak arkaly ýa-da çap etmäge garanda beýleki tehniki serişdeleriň kömegi bilen eseriň asyl nusgasynyň ýa-da nusgalygynyň (ýazmaça we başga grafiki eseriň) islendik möçberde (ulaldylan ýa-da kiçeldilen) faksimil gaýtadan döredilmegi; reprografik gaýtadan döretmek elektron (sanlyny goşup), optiki ýa-da başga maşynda okalýan görnüşde ýazgyny öz içine almaýar;

awtorlyk we gatyşyk hukuklary goramagyň tehniki serişdeleri – şu Kanun tarapyndan goralýan haýsydyr bir hukuga eýelik edijiler tarapyndan rugsat berilmeýän hereketleri eserler ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleri babatda öňüni alýan ýa-da çäklendirýän gatyşyk hukuklaryň eserlerine ýa-da obýektlerine bolan elýeterlilige gözegçilik edýän islendik netijeli tehniki enjamlar ýa-da olaryň düzüm bölekleri;

fonogramma – audiowizual eserlerine goşulan ses ýazgysyndan başga ýerine ýetirijileriň ýa-da beýleki sesleriň, ýa-da olaryň şöhlelendirmeleriniň islendik ses ýazgysy;

wideogrammanyň nusgalygy – gös-göni ýa-da gytaklaýyn wideogrammadan taýýarlanan ýa-da şekilleriň ählisini ýa-da bir bölegini öz içine alýan islendik maddy göterijidäki wideogrammanyň nusgasy;

eseriň nusgalygy – islendik maddy görnüşde taýýarlanan eseriň nusgasy;

fonogrammanyň nusgalygy – gös-göni ýa-da gytaklaýyn fonogrammadan taýýarlanan we sesleriň hemmesini ýa-da bir bölegini ýa-da bu fonogrammada bellenen olaryň şöhlelendirmelerinden taýýarlanylan islendik maddy göterijidäki fonogrammanyň nusgasy.

2-nji madda. Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

Şu Kanunyň düzgünleri aşakdakylara degişlidir:

1) awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň eýesi Türkmenistanda bolan ýa-da Türkmenistanyň çäginde eseri satylýan fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ylym, edebiýat we sungat eserlerine, ýerine ýetirişine, fonogrammalaryna we wideogrammalaryna. Daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslar babatynda awtorlyk hukuklarynyň goralmagy özara ylalaşyk esasynda kesgitlenmelidir;

2) Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek çap edilen ylmyň, edebiýatyň we sungatyň eserlerine ýa-da fonogrammalara we wideogrammalara; şunda eser ýa-da fonogramma we wideogramma hem eger Türkmenistanyň çäginden daşarda ilkinji gezek çap edilen seneden soň 30 günüň içinde olar Türkmenistanyň çäginde çap edilen bolsa, Türkmenistanda çap edilen diýlip hasap edilýär;

3) Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek bolan ýa-da şu maddanyň 2-nji bendiniň düzgünlerine laýyklykda goralýan, fonogramma ýa-da wideogramma ýazylan, ýöne şu maddanyň 4-nji bendiniň düzgünlerine laýyklykda goralýan gepleşik guramasynyň gepleşigine goşulan ýerine ýetirmelere;

4) eger gurama Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça ýuridik şahs bolan mahalynda we Türkmenistanyň çäginde ýerleşen peredatçikleriň kömegi bilen gepleşigi amala aşyran mahalynda gepleşik guramasynyň gepleşigine;

5) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän binagärçilik eserlerine;

6) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda goralýan ylmyň, edebiýatyň we sungatyň beýleki eserlerine, ýerine ýetirmelere, fonogrammalara we wideogrammalara, gepleşik guramalarynyň gepleşiklerine.

4-nji madda. Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklary goramak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek

Awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini goramak çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy amala aşyrýar, ol öz ygtyýaryna laýyklykda:

- awtorlyk hukugyny we gatyşyk hukuklary goramak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

- awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini goramak babatda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işini utgaşdyrýar;

- ylym, edebiýat we sungat babatda döredijiligiň ösdürilmegine ýardam edýär;

- awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklarynyň obýektleriniň hasaba alynmagyny amala aşyrýar;

- awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini goramak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar;

- awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklarynyň obýektlerini goramak babatda bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar hakynda gyzyklanýan adamlaryň ret etmelerine garaýar;

- maglumat materiallaryny we usulyýet edebiýaty neşir edýär;

- awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklarynyň obýektlerini goramak babatda hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam edýär.

2. Intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy öz ygtyýarlarynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan baglaşylan halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar babatda degişli halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik edýär.

II BÖLÜM. AWTORLYK HUKUGY

[edit]

1 bap. Awtorlyk hukugynyň obýektleri

[edit]

5-nji madda. Awtorlyk hukugynyň degişlilik çygry

1. Awtorlyk hukugy eseriň niýetlenilişine, gymmatyna we mazmunyna, şeýle hem onuň aňladylyş usulyna we görnüşine garamazdan döredijilikli işiň netijesi bolup durýan ylym, edebiýat we sungat eserlerine degişlidir.

2. Awtorlyk hukugy haýsydyr bir obýektiw görnüşde bar bolan, hem halka ýetirilen, hem halka ýetirilmedik eserlere degişlidir:

- ýazmaça (elýazma, maşyn ýazgysy, nota ýazgysy we başga);

- dilden (jemagat aýdylmasy, jemagat ýerine ýetirilmegi we başga);

- ses- ýa-da wideoýazgy (mehaniki, magnit, sanly, optiki we başga);

- şekiller (surat, eskiz, kartina, meýilnama, çyzgy, kino-, tele-, wideo- ýa-da surat kadry we başga);

- möçberli-giňişlik (heýkel, model, maket, desga we başga);

başga görnüşlerde.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen alamatlara eýelik edýän we özbaşdak peýdalanylyp bilinýän eseriň bölekleri (ady, personažlary we başga) awtorlyk hukugynyň obýektleri bolup durýarlar.

4. Awtorlyk hukugy ideýalara, ýörelgelere, tärlere, proseslere, ulgamlara, faktlara, usullara ýa-da şeýle konsepsiýalara degişli däldir.

5. Esere bolan awtorlyk hukuk eseriň aňladylan maddy obýektine bolan eýeçilik hukugy bilen baglanyşykly däldir.

Haýsydyr bir maddy obýekt tarapyndan eýeçilik hukugyny ýa-da eýelik etmek hukugyny bermek öz-özünden bu obýektde aňladylan esere bolan haýsydyr bir awtorlyk hukuklarynyň berilmegine eltmeýär.

6-njy madda. Awtorlyk hukugynyň obýektleri

1. Şu aşakdakylar awtorlyk hukugynyň obýektleridir:

- edebiýat eserleri (kitaplar, broşýuralar, makalalar, kompýuter programmalary, maglumatlar binýatlary we başgalar);

- drama we sazly drama eserleri, horeografiýa eserleri we pantomimalar hem-de beýleki ssenariý eserleri;

- ýazgyly ýa-da ýazgysyz saz eserleri;

- audiowizual eserleri (kino-, tele- we wideofilmler, diafilmler we beýleki audiowizual eserleri);

- skulptura, žiwopis, grafika, litografiýanyň eserleri we şekillendiriş sungatynyň beýleki eserleri;

- bezeg-amaly haşam we monumental sungatynyň eserleri;

- arhitektura, şäher gurluşyk we bag-seýilgäh sungatynyň eserleri;

- fotografik eserler we meňzeş fotografiýa usullary bilen alnan eserler; audiowizual eserleriň aýratyn alnan kadrlary fotografik eser diýlip hasap edilmeýär;

- kartalar, meýilnamalar, eskizler, suratlar we geografiýa, topografiýa we beýleki ylymlara degişli üç ölçegli eserler.

2. Kompýuter programmalary edebiýat eserleri ýaly goralýar. Şeýle gorag islendik dilde aňladylyp bilinjek we deslapky ýazgyny we obýektiw kody goşup islendik görnüşde aňladylyp bilinjek ähli amaly programmalary we amal ulgamlaryny goşup, programmalaryň ähli görnüşlerine degişlidir.

3. Awtorlyk hukugynyň obýektlerine şu aşakdakylar hem degişlidir:

- terjimeler we işläp taýýarlamalar, annotasiýalar, referatlar, gysgaça maglumatlar, synlar, sahna oýunlary, saz aranžerowkalary we ylmyň, edebiýatyň we sungatyň eserleriniň beýleki gaýtadan işlemeleri ýaly döredilen eserleri;

- ensiklopediýalar we antologiýalar maglumatlar binýatlary we döredijilikli zähmetiň netijesiniň materiallaryny seçip almak we ýerleşdirmek boýunça beýleki düzüji eserler ýaly ýygyndylar.

Döredilen eserler we ýygyndylar olaryň esaslanýan ýa-da öz içine alýan eserleriň awtorlyk hukugynyň obýektleri bolup durýandygyna garamazdan awtorlyk hukugy bilen goralýar.

7-nji madda. Awtorlyk hukugynyň obýektleri bolup durmaýan eserler

Aşakdakylar awtorlyk hukugynyň obýektleri bolup durmaýar:

- resmi resminamalar (kanunlar, kazyýet çözgütleri, kanun çykaryjylyk, administratiw, kazyýet häsiýetli beýleki ýazgylar), şeýle hem olaryň resmi terjimeleri;

- döwlet simwollary we nyşanlary (baýdak, tugra, sena, sylaglar, pul belgileri we beýleki döwlet simwollary we nyşanlary);

- halk döredijiligi (folklor aňlatmasy);

- maglumat häsiýetine eýe bolan wakalar we faktlar hakynda habarlar.

8-nji madda. Awtorlyk hukugynyň ýüze çykmagy. Awtorlyk prezumpsiýasy

1. Ylmy, edebiýat we sungat eserine bolan awtorlyk hukugy onuň döredilen fakty güýje girende ýüze çykýar. Awtorlyk hukugynyň ýüze çykarylmagy we amala aşyrylmagy üçin eseriň hasaba alynmagy ýa-da ýörite resmileşdirilmegi ýa-da beýleki resmilikleriň berjaý edilmegi hökman däldir.

Aýratyn awtorlyk hukuklaryna eýelik ediji öz hukuklary hakynda habar bermek üçin awtorlyk hukugyny goramak nyşanyny peýdalanmaga haklydyr, ol eseriň her bir nusgalygynda ýerleşdirilýär we üç elementden durýar:

- töweregiň içindäki latyn "C" harpy;

- aýratyn awtorlyk hukuklaryna eýelik edijiniň adyndan (ady);

- eseriň ilkinji gezek çap edilen ýylyndan.

2. Başga subutnamalar bolmadyk mahalynda eseriň awtory diýlip eseriň asyl nusgasyndaky ýa-da nusgasyndaky awtor hökmünde görkezilen şahs hasap edilýär.

3. Eser atsyz ýa-da lakamda çap edilen mahalynda (haçan-da awtoryň lakamy onuň şahsyýetine şübhe goýmadyk halaty muňa degişli däldir) eseriň nusgalygynda ady bellenen neşirçi başga subutnamalar bolmadyk mahalynda şu Kanuna laýyklykda awtoryň wekili hasap edilýär we şu ýagdaýda awtoryň hukugyny goramak we olaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmek hukugyna eýedir. Şu düzgün şeýle eseriň awtory öz şahsyýetini açýança we öz awtorlygy hakynda mälim edýänçä hereket edýär.

8.1-nji madda. Awtorlyk hukugynyň obýektleriniň hasaba alynmagy

1. Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak meýletinlik esasynda geçirilýär.

2. Awtorlyk hukugynyň obýektiniň hasaba alynmagy üçin haýyşnama berlen mahalynda aşakdakylar berilýär:

1) awtorlyk hukugynyň obýekti üçin şahadatnama;

2) Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylýan özboluşly binagärlik çözgüdi bar bolan we iri we (ýa-da) möhüm arhitektura, şähergurluşyk we bagçylyk-seýilgäh sungatynyň obýektlerine degişli bolan binagärlik eserlerine patent.

Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba aldyrmak üçin resminamalara bolan talaplar intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahadatnama ýa-da patent awtorlyk hukugynyň obýektiniň döredilen faktyny we onuň hasaba alnan senesini tassyklaýarlar.

4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahadatnama ýa-da patent intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýär.

5. Intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden alnan döwlet seljermesiniň binagärlik çözgüdiniň özboluşlylygyny, şeýle hem onuň çelgileri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän binagärlik, şähergurluşyk we bagçylyk-seýilgäh sungatynyň iri we (ýa-da) möhüm obýekte degişlidigini tassyklaýan netijeleri boýunça binagärlik eserine patent bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär.

6. Awtorlyk hukugynyň hasaba alnan obýekti hakyndaky maglumatlar intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan awtorlyk hukugynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine girizilýär.

7. Awtorlyk hukugynyň obýektleriniň Döwlet reýestrine girizilýän maglumatlaryň sanawy, şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen şahadatnamanyň we patentiň görnüşleri hem-de olarda görkezilýän maglumatlaryň düzümi intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

8. Awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlar alynýar.

Amala aşyrylmagy üçin ýygymlar alynýan hereketleriň sanawy, ýygymlaryň möçberleri, möhletleri, ony tölemegiň we gaýtarmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

9-njy madda. Şärikli awtorlyk

1. Iki ýa-da birnäçe şahsyň bilelikdäki döredijilikli zähmeti bilen döredilen esere bolan awtorlyk hukugy (şärikli awtorlyk) şeýle eseriň bölünmez bir bitewiligini emele getirýändigine we olaryň her biriniň özbaşdak ähmiýete eýe bolan böleklerden durýandygyna garamazdan bilelikdäki şärikli awtorlara degişlidir.

Eseriň bir bölegi, eger ol bu eseriň beýleki böleklerinden garaşsyz peýdalanylyp bilinse, özbaşdak ähmiýete eýe bolan diýlip ykrar edilýär.

Şärikli awtorlaryň her biri, eger olaryň arasynda ylalaşyk bilen başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, öz islegine görä, özbaşdak ähmiýete eýe bolan, olar tarapyndan döredilen eseriň bir bölegini peýdalanmaga haklydyrlar.

2. Tutuş eseri peýdalanmaga bolan hukuk bilelikde şärikli awtorlara degişlidir.

Şärikli awtorlaryň özara gatnaşyklary olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilip bilner.

Eger şärikli awtorlaryň eseri bölünmez bir bütewiligi emele getirse, onda şärikli awtorlaryň hiç birisiniň-de muňa ýeterlik esaslar bolmazdan eseriň peýdalanylmagyny gadagan etmäge haky ýokdur.

3. Şärikli awtorlaryň her biri öz adyndan we beýleki şärikli awtorlaryň razylygyny almazdan onuň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly çäreleri görmäge haklydyr.

10-njy madda. Ýygyndylaryň we beýleki düzülen eserleri düzüjileriň awtorlyk hukugy

1. Ýygyndynyň we beýleki düzülen eserleriň awtoryna (düzüjisine) döredijilikli zähmetiň netijesini berýän materiallary olaryň toplanylmagyna we ýerleşdirilmegine bolan awtorlyk hukugy degişlidir (şärikli düzüjilik).

Düzüji düzülen esere goşulan eserlerden her biriniň awtorlyk hukuklaryny özi berjaý eden mahalynda awtorlyk hukugyndan peýdalanýar.

2. Düzülen esere goşulan eserleriň awtorlary, eger awtorlyk şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, düzülen esere garamazdan öz eserini peýdalanmaga haklydyr.

3. Düzüjiniň awtorlyk hukugy öz düzülen eserlerini döretmek üçin şol bir materiallary özbaşdak seçip almaga ýa-da ýerleşdirmäge beýleki adamlara päsgel bermeýär.

11-nji madda. Terjimeçileriň we beýleki döredilen eserleriň awtorlarynyň awtorlyk hukugy

1. Terjimeçilere we beýleki döredilen eserleriň awtorlaryna olar tarapyndan terjime etmäge, düzetmäge, aranžirowka ýa-da başga gaýtadan işlemäge bolan awtorlyk hukugy degişlidir.

2. Terjimeçi we başga döredilen eseriň awtory terjime edilen, üýtgedilen, aranžirowka edilen ýa-da başga hili gaýtadan işlenen eseriň awtorlyk hukuklaryny özi berjaý eden mahalynda özi tarapyndan döredilen esere bolan awtorlyk hukugyndan peýdalanýar.

3. Terjimeçiniň we beýleki döredilen eserleriň awtorlarynyň awtorlyk hukugy beýleki adamlara öz terjimelerini amala aşyrmaga we şol eserleri gaýtadan işlemäge päsgel bermeýär.

12-nji madda. Köpçülikleýin eserlere bolan awtorlyk hukugy

1. Şu Kanunyň 9‒11-nji maddalarynyň düzgünlerinden alnyp, başlangyjy boýunça ýa-da ýolbaşçylygynda ensiklopediýalary, ensiklopedik sözlükleri döwürleýin we dowam edýän ylmy işleriň ýygyndylaryny, gazetleri, žurnallary we beýleki döwürleýin neşirçileriň neşirýatçylaryny goşup, köpçülikleýin eser döredilen fiziki ýa-da ýuridik şahsa şeýle eserleri peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar degişlidir. Şeýle fiziki ýa-da ýuridik şahs köpçülikleýin eserler islendik peýdalanylanda öz adyny görkezmäge ýa-da şeýle görkezmegi talap etmäge haklydyr.

2. Köpçülikleýin eserlere goşulan eserleriň awtorlary, eger awtorlyk şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, tutuşlygyna köpçülikleýin esere garamazdan öz eserlerini peýdalanmaga bolan aýratyn hukugy saklap galýarlar.

13-nji madda. Audiowizual esere bolan awtorlyk hukugy

1. Şu aşakdakylar audiowizual eseriň awtorlarydyr:

- oýun goýujy režissýor;

- ssenariniň awtory (ssenariçi);

- audiowizual eser üçin ýörite döredilen saz eseriniň (ýazgyly ýa-da ýazgysyz) awtory (kompozitor);

2. Audiowizual eseri döretmek üçin şertnamanyň baglaşylmagy bu eseriň awtorlary tarapyndan audiowizual eseri taýýarlaýja ony peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklaryň (gaýtadan döretmek, ýaýratmak, prokata bermek, köpçülikleýin peýdalanmak, hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin kabel boýunça habar bermek, hemmeleriň dykgatyna ýetirmek, ýaýlyma bermek ýa-da audiowizual eseri islendik başga köpçülikleýin habar bermek) audiowizual eseri taýýarlaýja bermegine, şeýle hem, eger şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, audiowizual eseriň ýazgysynyň subtirlenmegine ýa-da gaýtalanmagyna eltýär. Görkezilen hukuklar audiowizual eser üçin awtorlyk hukugynyň hereket ediş möhletiniň içinde hereket edýär.

Audiowizual eseri taýýarlaýjy bu eser islendik ulanylanda öz adyny görkezmäge ýa-da şeýle görkezmegi talap etmäge haklydyr.

3. Audiowizual eseri üçin ýörite döredilen saz eseriniň awtory (ýazgyly ýa-da ýazgysyz) audiowizual eseri her gezek köpçülikde ýerine ýetirilende, köpçülikleýin habar berlende, şeýle hem audiowizual eseriň nusgalyklary karzyna berlende bu saz eseriniň peýdalanylandygy üçin tölege bolan hukugy saklaýar.

4. Öň bar bolan (ssenariýniň esasynda goýlan edebiýat eseri we başga), şeýle hem onuň üstünde işlenilen wagtynda döredilen audiowizual esere düzüm bölegi bolup giren eserleriň awtorlarynyň her biri öz eserine bolan awtorlyk hukugyndan peýdalanýarlar. Öz eserlerini audiowizual esere goşulmagyna razylyk beren şeýle eserleriň awtorlary audiowizual eseriň peýdalanylmagyny gadagan etmäge ýa-da haýsydyr bir hili çäklendirmäge haky ýokdur.

5. Audiowizual eseriň awtorlary şeýle eseriň asyl nusgasynyň ýa-da göçürilen nusgalaryň prokaty üçin tölege bolan hukugy saklap galýarlar.

14-nji madda. Gulluk eserlerine bolan awtorlyk hukugy

1. Gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň gulluk tabşyrygyny (gulluk eseri) ýerine ýetirmek tertibinde döredilen esere bolan awtorlyk hukugy gulluk eseriniň awtoryna degişlidir.

2. Gulluk eserini peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar, eger onuň bilen awtoryň arasyndaky şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, awtor bilen zähmet gatnaşyklarynda duran adama (iş berijä) degişlidir.

Gulluk eserini peýdalanmagyň her bir görnüşi üçin awtorlyk töleginiň möçberi we ony tölemegiň tertibi awtor bilen iş berijiniň arasynda şertnama bilen bellenilýär.

3. Iş beriji gulluk eseri islendik peýdalanylanda öz adyny görkezmäge ýa-da şeýle görkezmegi talap etmäge haklydyr.

4. Iş berijiniň gulluk borçlaryny ýa-da gulluk tabşyrygyny ýerine ýetirmek tertibinde şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan köpçülikleýin eserleri döretmek üçin şu maddanyň düzgünleri degişli däldir.

2 bap. Awtorlyk hukuklary

[edit]

15-nji madda. Şahsy emläk däl hukuklar

1. Öz eseri babatda awtora şu aşakdaky şahsy emläk däl hukuklary degişlidir:

- eger bu iş ýüzünde mümkin bolsa, eseriň awtory diýip ykrar etdirmek we şeýle ykrar etmegi talap etmek, şol sanda eseriň nusgalyklarynda göwnejaý ýagdaýda ýa-da onuň islendik köpçülikleýin peýdalanylanda awtoryň adyny görkezmek arkaly şeýle ykrar etmegi talap etmek hukugy (awtorlyk hukugy);

- eseriň nusgalyklarynda ýa-da ol islendik jemagat peýdalanylanda awtoryň hakyky adynyň ýerine onuň oýlap tapan adyny (lakamyny) görkezmek ýa-da görkezmegi talap etmek ýa-da adyny görkezmekden boýun gaçyrmak (atsyz) (ada bolan hukuk) hukugy;

- yzyna almak hukugyny goşup, islendik görnüşde eseri halka ýetirmek ýa-da halka ýetirmäge rugsat bermek hukugy (halka ýetirmäge bolan hukuk);

- eseriň adyny goşup, eseri islendik ýoýulmadan ýa-da başga hili kast etmelerden ýa-da awtoryň namysyna we mertebesine zyýan ýetirmäge ukyply başga hili kast etmelerden goramaga bolan hukuk (awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk).

2. Şahsy emläk däl hukuklar onuň emläk hukuklaryna garamazdan awtora degişlidir we hatda eseri peýdalanmakda bolan aýratyn hukuklar berlenden soň hem olarda saklanyp galýar.

3. Gulluk tabşyrygyny ýerine ýetirmek tertibinde döredilen esere bolan şahsy emläk däl hukuklar gulluk eseriniň awtoryna degişlidir.

16-njy madda. Emläk hukuklary

1. Awtora ýa-da esere bolan awtorlyk hukuklarynyň başga eýelik edijisine islendik görnüşde ýa-da islendik usul bilen eseri döretmäge bolan aýratyn hukuklar degişlidir.

2. Eseri peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar şu aşakdakylary amala aşyrmak, rugsat bermek ýa-da gadagan etmek hukugyny aňladýar:

- eseri göni ýa-da gytaklaýyn gaýtadan döretmek (gaýtadan döretmäge bolan hukuk);

- eýeçilik hukugyny satmak ýa-da başga hili bermek arkaly eseriň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny ýaýratmak (ýaýratmaga bolan hukuk);

- eseriň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny prokata bermek (prokata bolan hukuk);

- aýratyn awtorlyk hukugyna eýelik edijiniň rugsady bilen taýýarlanan nusgalyklary goşup, ýaýratmak maksady bilen eserleriň nusgalyklarynyň importy (importa bolan hukuk);

- eseriň jemagat görkezilişi (jemagat görkezilişine bolan hukuk);

- eseriň jemagat ýerine ýetirilmegi (jemagat ýerine ýetirilmegine bolan hukuk);

- ýaýlyma bermek we (ýa-da) soňra ýaýlyma bermek arkaly hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin eseri habar bermek (ýaýlyma bermäge hukuk);

- hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin eseri kabel, simler boýunça ýa-da birinji we (ýa-da) soňra habar bermegi goşup beýleki meňzeş serişdeleriň kömegi bilen habar bermek (kabel boýunça habar bermäge bolan hukuk);

- interaktiw peýdalanmak üçin hemmeleriň dykgatyna ýetirmäge çenli eseri ýetirmek (hemmeleriň dykgatyna ýetirmäge bolan hukuk);

- eseri terjime etmek (terjimä bolan hukuk);

- eseri üýtgetmäge, aranžirowka etmäge ýa-da başga hili gaýtadan işlemäge (gaýtadan işlemäge bolan hukuk).

Dizaýnerlik, binagärlik, şäher gurluşyk we bagçylyk-seýilgäh taslamalaryny peýdalanmak üçin awtoryň aýratyn hukuklary şeýle taslamalara gatnaşmaga we iş ýüzünde durmuşa geçirmäge bolan hukugy hem öz içine alýar.

3. Awtor eseriň her bir görnüşiniň peýdalanylmagy üçin awtorlyk tölege bolan hukuga eýedir (tölege bolan hukuk). Awtorlyk tölegini hasaplap goşmagyň möçberi we tertibi awtorlyk şertnamasynda, şeýle hem peýdalanyjylar bilen köpçülikleýin esasda awtorlaryň emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalar bilen baglaşylýan şertnamalarda bellenilýär. Şunda tölegiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan awtorlyk töleginiň iň az stawkalaryndan pes bolup bilmez.

4. Eger hukuk taýdan dogry çap edilen eseriň ähli nusgalyklary Türkmenistanyň çägine kanuny ýol bilen raýat dolanyşygyna girizilse (olary satmak ýa-da eýeçilik hukugynyň başga geçmegi arkaly), şu Kanunyň 17-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlardan başga awtoryň razylygy bolmazdan we awtorlyk tölegi tölenmezden olaryň mundan beýläk ýaýradylmagyna ýol berilýär.

5. Eseri karzyna (we jemagat prokatyna) bermek arkaly asyl nusgany ýa-da nusgalyklary ýaýratmaga bolan hukuk bu nusgalyklara eýeçilik hukugyna garamazdan aşakdakylara awtorlyk awtora ýa-da awtorlyk hukugynyň başga eýelik edijisine degişlidir:

1) audiowizual esere;

2) kompýuter programmasyna;

3) maglumatlar binýadyna;

4) fonogrammada ýa-da wideogrammada bellenen esere;

5) nota ýazgysy görnüşinde saz eserine;

6. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen awtorlyk hukuklary babatda çäklendirmeler şeýle çäklendirmeler eseriň kadaly peýdalanylmagyna zyýan ýetirmese we awtoryň kanuny bähbitlerini esassyz kemsitmese, şu Kanunyň 18‒22-nji maddalary bilen bellenilýär.

17-nji madda. Şekillendiriş sungatynyň eserlerine elýeterlilik hukugy. Eýermek hukugy

1. Şekillendiriş sungaty eseriniň awtory öz eserini gaýtadan döretmäge bolan hukugy amala aşyrmak mümkinçiliklerini bermegi eseriň eýesinden talap etmäge haklydyr (elýeterlilik hukugy). Şunda eseriň eýesinden eseriň awtora eltilmegini talap etmek bolmaz.

2. Şekillendiriş sungatynyň eserine bolan eýeçilik hukugynyň geçmegi ýa-da eseriň awtorynyň elýazmasynyň asyl nusgasynyň (muzdly ýa-da muzdsuz) awtordan başga adama geçmegi bu eseriň birinji satuwyny aňladýar.

Şekillendiriş sungatynyň eseri ýa-da eseriň awtorynyň elýazmasynyň asyl nusgasy jemagat taýdan her bir alyp satmak halatynda (auksionyň, şekillendiriş sungatynyň galereýasynyň, çeperçilik salonynyň, dükanyň we ş.m. üsti bilen) awtor ýa-da onuň mirasdarlary satyjydan alyp satmak bahasynyň bäş göterimi möçberinde töleg almak hukugyna eýedirler (eýermek hukugy). Görkezilen hukuk awtor diri mahalynda aýrybaşgalanmaýar we diňe awtoryň hukugynyň hereket edýän möhleti üçin kanun boýunça awtoryň mirasdarlaryna geçýär.

3 bap. Emläk hukuklarynyň çäklendirmeleri

[edit]

18-nji madda. Şahsy maksatlar bilen gaýtadan döretmek

1. Awtoryň razylygy ýa-da awtorlyk hukuklarynyň beýleki eýelik edijisiniň razylygy bolmazdan we awtorlyk tölegini tölemezden fiziki şahs tarapyndan doly hukukly halka ýetirilen eseriň ýeke-täk nusgalykda gaýtadan döredilmegi diňe girdejiler almazdan şahsy maksatlarda ýol berilýär.

2. Şu maddanyň birinji bölegi şu aşakdakylar babatda ulanylmaýar:

1) jaýlar we meňzeş desgalar görnüşinde binagärlik eserleriniň gaýtadan döretmeleri;

2) maglumatlar binýatlaryny ýa-da olardan düýpli bölekleri gaýtadan döretmek;

3) şu Kanunyň 21-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlardan başga kompýuter programmalaryny gaýtadan döretmek;

4) kitaplaryň (doly), nota ýazgylarynyň we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň asyl nusgalarynyň reprografik gaýtadan döredilmegi.

3. Fiziki şahslar tarapyndan girdeji almazdan şahsy maksatlarda audiowizual eseri, fonogrammalary we wideogrammalary gaýtadan döretmäge hukuk eýelik edijileriň razylygy bolmazdan, ýöne audiowizual eseri gaýtadan döretmek babatda – audiowizual eseriň awtorlaryna, ýerine ýetirijilerine we taýýarlaýja; fonogrammalary (wideogrammalary) gaýtadan döretmek babatda – fonogrammanyň (wideogrammanyň) awtorlaryna, ýerine ýetirijilere we taýýarlaýja tölenmäge degişli tölegi tölemek bilen ýol berilýär.

Töleg enjamlary (audio we (ýa-da) wideomagnitofonlary we beýleki enjamy) we şeýle gaýtadan döretmek üçin peýdalanylýan maddy göterijileriň (ses) we (ýa-da) wideoplýonkalar we kassetalar, kompakt-diskleri we beýleki maddy göterijiler, taýýarlaýjylar we import edijiler tarapyndan tölenilýär.

Tölegiň möçberi we ony tölemegiň şertleri görkezilen taýýarlaýjylar bilen import edijileriň arasynda, bir tarapdan we awtorlaryň, fonogrammalary ýa-da wideogrammalary taýýarlaýjylaryň we köpçülikleýin esasda ýerine ýetirijileriň arasynda, beýleki tarapdan ylalaşyk bilen kesgitlenilýär, eger taraplar şeýle ylalaşygy gazanmadyk mahalynda bolsa – intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Şunda goragyň şeýle tehniki serişdeleri hukuga eýelik edijiler tarapyndan ulanylanda şeýle eserlere, fonogrammalara we wideogrammalara şahsy maksatlar üçin gaýtadan döretmek üçin elýeterlilik goragy tölegi tölemek bilen hem şertlendirilip bilner.

Bu tölegi toplamak we paýlamak köpçülikleýin esasda emläk hukuklarynyň guramalary, dolandyryjylary tarapyndan amala aşyrylýar. Töleg şu aşakdaky ölçegde paýlanylmaga degişlidir: kyrk göterim – awtorlara, otuz göterim – ýerine ýetirijilere, otuz göterim – şahsy maksatlar üçin olaryň gaýtadan döredilenden çaklap boljaklar babatda eserler we fonogrammalar (wideogrammalar) üçin ulanarlykly fonogrammalary (wideogrammalary) taýýarlaýjylara degişlidir.

4. Şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen enjamlar we maddy göterijiler üçin şu aşakdakylar bolup durýan töleg tölenilmeýär:

a) eksportuň närseleri;

b) öý şertlerinde peýdalanmak üçin niýetlenilmedik professional enjam.

Töleg görkezilen enjamyň we materiallaryň fiziki şahslar tarapyndan diňe şahsy maksatlar üçin import edilende hem tölenilmeýär.

19-njy madda. Eserleri maglumat, ylmy, okuw we gaýry maksatlar üçin peýdalanmak

Awtoryň ýa-da beýleki awtorlyk hukuklaryna eýelik edijiniň razylygy bolmazdan we awtorlyk tölegini tölemezden, ýöne eseri peýdalanylan awtoryň adyny we alnan çeşmesini hökmany görkezmek bilen ýol berilýär:

1) gazet, žurnal makalalaryndan metbugat synlary görnüşinde bölekleriň gaýtadan döredilmegini goşup, sitirlemek maksady bilen ödelen möçberde hukuk taýdan dogry bolan çap edilen eserlerden ylmy, barlag, polemiki, tankydy we maglumat maksatlary bilen asyl nusgadan we terjimeden sitirlemek;

2) neşirlerde, radio we telegepleşiklerde, okuw häsiýetli ses we wideoýazgylarda goýlan maksady ödelen möçberde suratlar hökmünde hukuk taýdan dogry çap edilen eserlerden gysgaça bölekleri peýdalanmak;

3) gündelik ykdysady, syýasy, durmuş we dini meseleler boýunça hukuk taýdan dogry çap edilen ýa-da haçan-da şeýle gaýtadan döretmek, ýaýlyma bermek ýa-da kabel boýunça habar bermek awtor ýa-da awtorlyk hukugyna başga eýelik ediji tarapyndan ýörite gadagan edilmedik halatlarynda şu zeýilli häsiýetli ýaýlyma berlen eserleri gazetlerde we žurnallarda makalalary ýa-da hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin gazetlerde gaýtadan döretmek, ýaýlyma bermek ýa-da kabel boýunça habar bermek;

4) köpçülikleýin aýdylan syýasy sözleri, ýüzlenmeleri, nutuklary, takallary we beýleki şuňa meňzeş eserleri aklanan maglumat maksady bilen möçberde hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin gazetlerde we žurnallarda gaýtadan döretmek, ýaýlyma bermek ýa-da kabel boýunça habar bermek; şunda şeýle eserleri ýygyndylarda çap etmek hukugy awtorda saklanyp galýar;

5) maglumat maksady bilen kesgitlenen möçberde şeýle wakalaryň barşynda görlen ýa-da eşidilen eserleri ýaýlym ýa-da kabel gepleşik eşitdirişiniň, fotografiýanyň, kinematografiýanyň serişdeleri arkaly gündelik wakalaryň synlarynda gaýtadan döretmek ýa-da köpçülikleýin habar bermek; şunda şeýle eserleri ýygyndylarda çap etmäge bolan hukuk awtorda saklanyp galýar;

6) şeýle usullar üçin ýörite döredilen gaýtadan döredilýän eserlerden başga körler üçin relýef-nokatly şrift bilen ýa-da beýleki ýörite usullar bilen hukuk taýdan dogry çap edilen eserleri girdeji almazdan gaýtadan döretmek;

7) erkin barmak üçin açyk bolan ýerde hemişelik ýerleşen binagärlik, surat, şekillendiriş sungaty eserleriniň hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin gaýtadan döredilmegi, ýaýlyma berilmegi ýa-da habar berilmegi, haçan-da eseriň şekili kabel boýunça hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin şeýle gaýtadan döretmegiň, ýaýlyma bermegiň ýa-da habar bermegiň esasy obýekti bolan ýagdaýlar ýa-da haçan-da eseriň şekili täjirçilik maksatlary bilen ulanylanda şeýle eseriň esasy obýekti bolan halatlar muňa degişli däldir;

8) kazyýet ýa-da administratiw önümçilik üçin subutnamalar hökmünde halka doly hukukly ýetirilen eserleriň gaýtadan döredilmegi;

9) resmi döwlet we dini dabaralar wagtynda, şeýle hem ritual hyzmatlar edilende hukuk taýdan dogry halka ýetirilen eserleriň ýerine ýetirilmegi. Şu halatlarda awtoryň adyny we alnan çeşmäni görkezmek hökman däldir.

20-nji madda. Eserleriň kitaphanalar, arhiwler we bilim edaralary tarapyndan peýdalanylmagy (reprografik gaýtadan döretmek)

1. Awtoryň ýa-da awtorlyk hukuklaryna beýleki eýelik edijiniň razylygy bolmazdan we awtorlyk tölegi tölenmezden, ýöne eseri ulanylýan awtoryň adyny we reprografik gaýtadan döretmegiň alnan çeşmesini hökmany görkezmek bilen ýeke-täk nusgalykda girdeji almazdan:

1) kitaphanalar ýa-da arhiwler tarapyndan – peýdalanmak üçin ýitirilen, ýok edilen ýa-da ýaramsyz bolan nusgalyklary çalyşmak üçin hukuk taýdan dogry çap edilen eserler; eseriň nusgalyklaryny eger şeýle nusgalygy almak adaty şertlerde başga usul bilen mümkin bolmasa, eserleri peýdalanmak üçin ýitirilen, ýok edilen ýa-da ýaramsyz bolan eserleri olaryň gaznalaryndan çalyşmak üçin eserleriň nusgalyklaryny beýleki kitaphanalara bermäge;

2) okuw we barlag maksatlary bilen fiziki şahslaryň talaplary boýunça kitaphanalar ýa-da arhiwler tarapyndan – ýygyndylarda, gazetlerde we beýleki döwürleýin neşirlerde hukuk taýdan dogry çap edilen aýry-aýry makalalaryň we az möçberli eserleriň, hukuk taýdan dogry çap edilen ýazmaça eserlerden böleklere (kompýuter programmalardan başga);

3) auditor dersleri üçin bilim edaralary tarapyndan – ýygyndylarda, gazetlerde we beýleki döwürleýin neşirlerde çap edilen aýry-aýry maddalaryň we az möçberli eserler, kanuny taýdan çap edilen ýazmaça eserlerden böleklere ýol berilýär (kompýuter programmalaryndan başga).

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan reprografik gaýtadan döretmäge reprografik gaýtadan döretmek üçin köpçülikleýin esasda awtorlaryň emläk hukuklaryny dolandyrýan gurama tarapyndan berilýän ygtyýarnama bolmadyk mahalynda ýol berilýär, onuň (ygtyýarnamanyň) bardygy hakynda kitaphana, arhiwe ýa-da bilim edarasyna mälimdir ýa-da mälim bolmalydyr.

21-nji madda. Kompýuter programmalaryny we maglumatlar binýatlaryny gaýtadan döretmek. Kompýuter programmalaryny dekompilirlemek

1. Kompýuter programmasynyň ýa-da maglumatlar binýadynyň nusgalygyna kanuny taýdan eýelik edýän adam onuň awtorynyň ýa-da aýratyn hukuklara başga eýelik edijiniň rugsady bolmazdan we goşmaça töleg tölemezden şu aşakdakylara haklydyr:

1) kompýuter programmasyna ýa-da maglumatlar binýadyna peýdalanyjynyň tehniki serişdelerinde onuň işlemegi üçin gerek bolan üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem kompýuter programmasynyň we maglumatlar binýadynyň onuň niýetlenilişine laýyklykda işlemegi bilen baglanyşykly islendik hereketleri, şol sanda ýazmagy we kompýuteriň ýadynda saklamagy (bir kompýuteriň ýa-da bir ulgamdan peýdalanyjynyň), şeýle hem eger awtorlyk şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, anyk ýalňyşlary düzetmek;

2) kompýuter programmasynyň ýa-da maglumatlar binýadynyň nusgasyny taýýarlamak, şonda bu nusga haçan-da programmanyň asyl nusgasy ýitirilen, zeper ýetirilen ýa-da peýdalanmak üçin ýaramsyz bolan halatlarda diňe kanuny taýdan alnan nusgalygy çalyşmak üçin niýetlenilmelidir. Şunda programmanyň ýa-da maglumatlar binýadynyň nusgasy şu bölegiň birinji bendinde görkezilendäkä garanda başga maksatlar üçin peýdalanylyp bilner we eger bu programmanyň nusgalygyna eýelik edilmegi kanuny taýdan bolmagyny bes eden mahalynda ýok edilmelidir.

2. Kompýuter programmasynyň ýa-da maglumatlar binýadynyň ätiýaçlyk nusgalygy şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakydan başga maksatlar üçin peýdalanylyp bilinmez we kompýuter programmasynyň ýa-da maglumatlar binýadynyň nusgalygyna eýelik etmek hukugy bes edilen mahalynda ýok edilmelidir.

3. Kompýuter programmasynyň nusgalygyna kanuny taýdan eýelik edýän adam awtoryň ýa-da awtorlyk hukuklaryna başga eýelik edijiniň razylygy bolmazdan we awtorlyk hukugyny tölemezden kompýuter programmasyny dekompilirlemäge ýa-da eger munuň özi şu aşakdaky şertler berjaý edilende dekompilirlenýän programma bilen özara hereket edip biljek beýleki programmalar bilen şeýle adam tarapyndan işlenip taýýarlanan kompýuter programmasyna garamazdan özara hereket etmek üçin başarnyklara ýetmekde gerek bolan halatynda dekompilirlemegi beýleki adamlara tabşyrmaga haklydyr:

1) beýleki çeşmelerden şeýle adama öň elýeter bolmadyk özara hereket etmäge başarnyklara ýetmek üçin gerek bolan maglumat;

2) görkezilen hereketler özara hereket etmäge başarnyklara ýetmek üçin gerek bolan dekompilirlenýän programmanyň bölekleri bilen görkezilen hereketler çäklendirilýär;

3) dekompilirlemegiň netijesinde alnan maglumat diňe beýleki programmalar bilen işlenip taýýarlanan kompýuter programmasyna garamazdan özara hereket etmäge başarnyklara ýetmek üçin peýdalanylyp bilner, beýleki adamlara berlip bilinmez, şeýle hem öz görnüşi boýunça dekompilirlenýän programma bilen düýpli meňzeş bolan kompýuter programmasyny işläp taýýarlamak üçin ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan beýleki hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylyp bilinmez.

22-nji madda. Ýaýlym gepleşik guramalary tarapyndan geçirilýän gysga möhletli peýdalanmagy erkin ýazmak

Awtoryň razylygy bolmazdan we goşmaça töleg tölemezden ýaýlym gepleşik gurama bu guramanyň ýaýlyma bermek hukugyny alan eserini gysga möhletli peýdalanmagy ýazyp bilmez, şunda şeýle ýazgy onuň öz enjamynyň kömegi bilen ýa-da onuň öz gepleşikleri üçin ýaýlym gepleşik guramasy tarapyndan geçirilýär.

Gurama şeýle ýazgyny eger has dowamly möhlet ýazylan eseriň awtory bilen razylaşylmasa, onuň taýýarlanandan soň alty aýyň içinde şeýle ýazgyny ýok etmäge borçludyr. Eger ýazgy aýratyn resminama häsiýetine eýe bolsa, şeýle ýazgy eseriň awtorynyň razylygy bolmazdan döwlet arhiwlerinde saklanylyp bilner.

4 bap. Awtorlyk hukugynyň hereket ediş möhleti

[edit]

23-nji madda. Awtorlyk hukugynyň hereket ediş möhleti

1. Awtorlyk hukugy awtoryň bütin ömrüniň dowamynda we şu maddada göz öňünde tutulan halatlardan başga ol aradan çykandan soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.

Awtorlyk hukugy, ada bolan hukuk ýa-da awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk möhletsiz goralýar.

2. Atsyz ýa-da lakamly halka ýetirilen esere bolan awtorlyk hukugy onuň kanuny taýdan halka ýetirilen senesinden soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.

Eger görkezilen möhletiň içinde atsyz ýa-da lakamly çykarylan eseriň awtory öz şahsyýetini açsa ýa-da onuň şahsyýeti mundan beýläk şübhe döretmese, onda şu maddanyň birinji bölegi ulanylýar.

3. Şärikli awtorlykda (awtordaşlykda) döredilen esere awtorlyk hukugy bütin ömrüň we awtordaşlaryň iň ahyrynda ölen awtordan soň elli ýylyň dowamynda hereket edýär.

4. Awtor aradan çykandan soň ilkinji gezek köpçülige çykarylan esere bolan awtorlyk hukugy ol çykarylandan soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.

5. Şu maddada göz öňünde tutulan möhletleri hasaplamak möhletiň dowamyny başlamak üçin esas bolup durýan hukuk faktynyň bolan ýylyndan soň gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýar.

24-nji madda. Jemgyýetçilik gazanylanlary

1. Esere bolan awtorlyk hukugynyň hereket ediş möhletiniň gutarmagy olaryň jemgyýetçilik gazanylanlaryna geçmegini aňladýar.

Türkmenistanyň çäginde hiç mahal gorag berilmedik eser hem jemgyýetçilik gazanylanlaryna geçen diýlip hasap edilýär.

2. Jemgyýetçilik gazanylanlaryna geçen eser awtorlyk tölegini tölemezden islendik adam tarapyndan erkin peýdalanylyp bilner. Şunda awtorlyk hukugy, ada bolan hukuk we awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk berjaý edilmelidir.

5 bap. Awtorlyk hukuklarynyň geçmegi. Awtorlyk şertnamalary

[edit]

25-nji madda. Awtorlyk hukuklarynyň geçmeginiň esaslary

Awtorlyk hukuklary awtorlyk şertnamalary boýunça we miras geçijilik tertibinde berilýär.

26-njy madda. Awtorlyk hukugynyň miras geçijilik tertibinde geçmegi

1. Awtorlyk hukugy kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça miras geçijilik tertibinde geçýär.

2. Awtorlyga hukuk, ada bolan hukuk we awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk miras geçijilik boýunça geçmeýär. Awtoryň mirasdarlary we wesýetnamany ýerine ýetirijiler görkezilen hukuklary goramaga haklydyrlar. Mirasdarlaryň we wesýetnamany ýerine ýetirijileriň bu ygtyýarlyklary möhlet bilen çäklendirilmeýär. Awtoryň mirasdarlary bolmadyk mahalynda görkezilen hukuklary intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy goraýar.

3. Awtor wesýetnamany ýerine ýetiriji bellenilýän tertipde özüniň awtorlyk hukugyny, ada bolan hukugy we öz abraýyny goramaga bolan hukugy özi aradan çykandan soň özüniň goragyny ýükleýän adamyny görkezmäge haklydyr. Bu adam öz ygtyýarlyklaryny ömürlik amala aşyrýar.

Şeýle görkezmeler bolmadyk mahalynda awtorlyk hukugyny, ada bolan hukugy ýa-da awtoryň abraýyny goramaga bolan hukugy goramak awtor aradan çykandan soň onuň mirasdarlary ýa-da intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar, eger mirasdarlar bolmasa ýa-da olaryň awtorlyk hukugy bes edilse, şeýle goragy amala aşyrýar.

27-nji madda. Emläk hukuklaryny bermek. Awtorlyk şertnamasy

1. Şu Kanunyň 16-njy maddasynda görkezilen emläk hukuklary awtorlyk şertnamasy boýunça we Kanunda göz öňünde tutulan başga esaslar boýunça berlip bilner, şu Kanunyň 18‒22-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Emläk hukuklaryny bermek aýratyn hukuklary bermek hakynda awtorlyk şertnamasynyň esasynda ýa-da aýratyn bolmadyk hukuklary bermek hakynda awtorlyk şertnamasynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.

2. Aýratyn hukuklary bermek hakynda awtorlyk şertnamasy belli bir usul bilen we şertnama bilen bellenilen çäklerde diňe bu hukuklaryň berilýän adamyna eseri peýdalanmaga rugsat berýär we şeýle adama eseriň şu zeýilli peýdalanylmagyny başga adamlara gadagan etmek hukugyny berýär.

Eseri başga adamlaryň peýdalanmagyny gadagan etmek hukugy, eger aýratyn hukuklaryň berlen adamy bu hukugy goramasa, eseriň awtory tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

3. Aýratyn bolmadyk hukuklary bermek hakynda awtorlyk hukugy şeýle hukuklary beren aýratyn hukuklara eýelik ediji bilen bir hatarda eseri peýdalanmagy peýdalanyja we (ýa-da) bu eseri şeýle usul bilen peýdalanmaga rugsat alan beýleki adamlara rugsat berýär.

4. Awtorlyk hukugy boýunça berilýän hukuklar, eger şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, aýratyn däl diýlip hasap edilýär.

28-nji madda. Awtorlyk şertnamasynyň şertleri we görnüşi

1. Awtorlyk şertnamasy şu aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

- peýdalanylýan eseriň takyk beýanyny (möçberini, žanryny, adyny);

- eseri peýdalanmagyň usullaryny (şu şertnama boýunça berilýän anyk hukuklary);

- hukugyň berilýän çäklerinde möhleti we çägi;

- tölegiň möçberini we (ýa-da) eseri peýdalanmagyň her bir usuly üçin tölegiň möçberini kesgitlemegiň tertibini;

- eger şertnamada hukuklary muzdsuz bermek göni göz öňünde tutulmadyk bolsa, töleg tölemegiň tertibini we möhletlerini;

taraplaryň düýpli diýip hasap eden beýleki şertlerini.

Awtorlyk şertnamasynda eseri peýdalanmagyň usullary hakynda (awtorlyk şertnamasy boýunça berilýän anyk hukuklar) şertler bolmadyk mahalynda şertnama eseri peýdalanmagyň şeýle usullarynda baglaşylan diýlip hasap edilýär, olar şertnama baglaşylan wagtynda taraplaryň meýillerine ýetmek üçin düýpli hasap edilip bilner.

Awtorlyk şertnamasynda hukuklary bermegiň möhleti hakynda şertler bolmadyk mahalynda, eger peýdalanyjy bu hakda şertnamanyň ýatyrylmagyna çenli alty aý galanda ýazmaça habarly edilse, şertnama onuň baglaşylan senesinden başlap bäş ýylyň geçmegi bilen awtor tarapyndan ýatyrylyp bilner.

Awtorlyk şertnamasynyň çäklerinde hukugyň berilýän çägi hakynda şertler bolmadyk mahalynda, şertnama boýunça berilýän hukugyň hereketi Türkmenistanyň çägi bilen çäklendirilýär.

2. Awtorlyk şertnamasy boýunça eseriň peýdalanmaga berilmedik hukuklary, berilmedik hukuk diýlip hasap edilýär.

Şertnamanyň baglaşylan pursadynda mälim bolmadyk eseri peýdalanmaga bolan hukuk awtorlyk şertnamasynyň närsesi bolup bilmez.

3. Töleg eseri peýdalanmagyň degişli usuly üçin girdejiden göterim görnüşinde ýa-da, eger muny eseriň häsiýeti bilen ýa-da ony peýdalanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly amala aşyrmak mümkin bolmasa, pugta bellenen pul möçberi görnüşinde ýa-da başga hili awtorlyk şertnamasynda kesgitlenilýär. Şunda pugta bellenen pul möçberiniň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan awtorlyk töleginiň iň az stawkalaryndan pes bolup bilmez.

Eger eseri neşir etmek ýa-da başga hili gaýtadan döretmek hakynda awtorlyk şertnamasynda töleg pugta bellenen pul möçberi görnüşinde kesgitlense, onda şertnamada eseriň nusgalyklarynyň iň ýokary tiražy bellenilmelidir.

4. Awtorlyk hukugy boýunça berlen hukuklar diňe eger bu şertnamada göni göz öňünde tutulan mahalynda beýleki adamlara doly ýa-da kem-käsleýin berlip bilner.

5. Geljekde bu temada ýa-da bu pudakda eser döretmekde awtory çäklendirýän awtorlyk şertnamasynyň şertleri hakyky däldir.

6. Şu Kanunyň düzgünlerine ters gelýän awtorlyk şertnamasynyň şertleri hakyky däldir.

7. Awtorlyk şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylmalydyr. Eseri döwürleýin metbugatda peýdalanmak hakynda awtorlyk şertnamasy dil üsti bilen baglaşylyp bilner. Radio we telewideniýe boýunça eserleriň bir gezek dilden berilmegine bolan şertnama hem dil üsti bilen baglaşylyp bilner.

8. Kompýuter programmalarynyň nusgalyklary satylanda we köpçülikleýin peýdalanyja olara bolan elýeterlilik berlende, eger şertnamanyň şertleri (kompýuter programmasyndan peýdalanmagyň şertleri) degişli ýagdaýda programmanyň nusgalyklarynda beýan edilse, şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylan diýlip hasap edilýär.


III BÖLÜM. GATYŞYK HUKUKLAR

[edit]

29-njy madda. Gatyşyk hukuklaryň subýektleri

1. Fonogrammalary, wideogrammalary ýerine ýetirijiler, taýýarlaýjylar, gepleşik guramalary gatyşyk hukuklaryň subýektleri bolup durýarlar.

2. Fonogrammany ýa-da wideogrammany taýýarlaýjy, gepleşik guramasy şu bölümde görkezilen öz hukuklaryny şertnama boýunça alnan hukuklaryň çäklerinde fonogrammada ýa-da wideogrammada ýazylan ýa-da ýaýlyma berilýän ýa-da kabel boýunça berilýän ýazylan eseriň ýerine ýetirijisi we awtory bilen şertnama boýunça alnan hukuklaryň çäklerinde amala aşyrýarlar.

3. Ýerine ýetiriji şu bölümde görkezilen hukuklary ýerine ýetirilýän eseriň awtorynyň hukuklaryny berjaý eden mahalynda amala aşyrýar.

4. Şu bölümde göz öňünde tutulan hukuklaryň ýüze çykmagy we amala aşyrylmagy üçin haýsydyr bir formallyklary berjaý etmek talap edilmeýär. Fonogrammany ýa-da wideogrammany taýýarlaýjy we öz hukuklary hakynda habar bermek üçin ýerine ýetiriji gatyşyk hukuklary goramak nyşanyny peýdalanmaga haklydyr, ol fonogrammanyň ýa-da wideogrammanyň her bir nusgalygynda ýa-da onuň gabynda ýerleşdirilýär we şu aşakdaky üç elementden durýar:

- töwerekdäki "P" latyn harpy;

- aýratyn gatyşyk hukuklara eýelik edijiniň ady;

- fonogrammanyň ýa-da wideogrammanyň ilkinji çap edilen ýyly.

5. Ýerine ýetirijiler bilen fonogrammalary ýa-da wideogrammalary taýýarlaýjylaryň arasynda hukuklary bermek hakynda baglaşylýan şertnamalar, eger berilýän hukuklaryň düýp mazmunyndan başga zat gelip çykmasa, awtorlyk hukugy hakynda şu Kanunyň düzgünleri ulanylýar.

30-njy madda. Ýerine ýetirijiniň hukuklary

1. Ýerine ýetirijä özüniň ýerine ýetirmegi ýa-da oýun goýmagy babatda şu aşakdaky hukuklar degişlidir:

1) ada bolan hukuk;

2) ýerine ýetirijiniň namysyna we mertebesine zyýan ýetirmäge ukyply islendik ýoýulmadan ýa-da islendik başga kast etmeden ýerine ýetirmegi ýa-da oýun goýmagy goramaga bolan hukuk (abraýyny goramaga bolan hukuk);

3) ýerine ýetirmegi ýa-da oýun goýmagy peýdalanmagyň her bir görnüşi üçin töleg almaga bolan hukugy goşup islendik görnüşde ýerine ýetirmegi ýa-da oýun goýmagy peýdalanmaga bolan hukuk.

2. Ýerine ýetirmegi ýa-da oýun goýmagy peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk şu aşakdakylara rugsat etmek ýa-da gadagan etmek hukugyny aňladýar:

1) haçan-da habar bermek üçin ýerine ýetirijiniň razylygy bilen öň geçirilen ýerine ýetiriş ýazgysynyň ýa-da öň ýaýlyma berlen ýerine ýetirişiň ýazgysynyň peýdalanylýan halatlaryndan başga ýerine ýetirmegiň ýaýlyma, kabel boýunça habar berilmegi ýa-da ýerine ýetirmegiň başga köpçülikleýin habar berilmegi;

2) öň ýazylmadyk ýerine ýetirişiň ýa-da oýun goýmagyň ýazgysy;

3) ýerine ýetirmek ýazgysynyň gaýtadan döredilmegi, haçan-da ýerine ýetirijiniň razylygy bilen geçirilen ýerine ýetirijiniň ýazgysy şeýle ýazylanda ýerine ýetirijiniň razylygy alnan maksatlar bilen ýerine ýetirişiň ýazgysy gaýtadan döredilen halaty muňa degişli däldir;

4) eger ilkibaşda bu ýazgy täjirçilik maksatlary üçin geçirilmedik bolsa, ýerine ýetirişiň ýa-da oýun goýmagyň ýaýlyma ýa-da kabel boýunça berilmegi;

5) eýeçilik hukugyny satmak ýa-da başga hili bermek arkaly fonogramma ýa-da wideogramma ýazylan ýerine ýetirişiň ýa-da oýun goýmagyň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny ýaýratmak. Eger fonogramma ýa-da wideogramma ýazylan ýerine ýetirişiň ýa-da oýun goýmagyň asyl nusgasy ýa-da nusgalyklary kanuny taýdan eýeçilik hukugyny satmak ýa-da başga hili bermek arkaly raýat dolanyşygyna kanuny taýdan girizilse, ýerine ýetirijiniň razylygy bolmazdan we töleg tölenmezden Türkmenistanyň çäginde olaryň mundan beýläk ýaýradylmagyna ýol berilýär;

6) ýerine ýetirijiniň gatnaşmagynda ýerine ýetirmegi öz içine alýan, çap edilen fonogrammany ýa-da wideogrammany prokata tabşyrmak.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen rugsatlar ýerine ýetiriji tarapyndan berilýär, köpçülikleýin ýerine ýetirijiler tarapyndan ýerine ýetirilen mahalynda bolsa – peýdalanyjy bilen ýazmaça şertnamany baglaşmak arkaly şeýle kollektiwiň ýolbaşçysy tarapyndan berilýär.

4. Ýerine ýetirijini ýa-da oýun goýmagy soňra bermek, gepleşik üçin ýazgyny amala aşyrmak we ýaýlym ýa-da kabel gepleşik guramalary tarapyndan şeýle ýazgyny gaýtadan döretmek üçin şu maddanyň ikinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen rugsatlar, eger olar ýaýlym ýa-da kabel gepleşik guramasy bilen ýerine ýetirijiniň şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa talap edilmeýär.

Şeýle peýdalanylmagy üçin ýerine ýetirijä tölegiň möçberi hem şu şertnamada bellenilýär.

5. Audiowizual eseri döretmek üçin audiowizual eseriň ýerine ýetirijisi bilen taýýarlaýjysynyň arasynda şertnama baglaşmak şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen hukuklaryň ýerine ýetiriji tarapyndan berilmegine eltýär. Şunda ýerine ýetiriji şu Kanunyň 16-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertipde şeýle audiowizual eseriň nusgalyklarynyň kireýine berilmegi üçin tölege bolan hukugy saklaýar.

Ýerine ýetiriji tarapyndan şeýle hukuklaryň berilmegi audiowizual eseriň peýdalanylmagy bilen çäklendirilýär we eger şertnamada başga zat bellenilmese, audiowizual eserde bellenen sesiň ýa-da şekiliň aýry-aýry peýdalanylmagyna bolan hukuklary öz içine almaýar.

6. Ýerine ýetiriji bilen fonogrammany ýa-da wideogrammany taýýarlaýjynyň arasynda fonogramma ýa-da wideogramma üçin ýerine ýetirişi ýazmaga bolan şertnamany baglaşmak fonogrammany ýa-da wideogrammany prokata tabşyrmak hukugynyň ýerine ýetiriji tarapyndan berilmegine eltýär (şu maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendi); şunda ýerine ýetiriji şu Kanunyň 18-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan tertipde şeýle fonogrammanyň ýa-da wideogrammanyň nusgalyklarynyň prokata tabşyrylmagy üçin tölege bolan hukugy saklaýar.

7. Gulluk borçlaryny ýa-da iş berijiniň gulluk tabşyrygyny ýerine ýetirmek tertibinde ýerine ýetiriji tarapyndan döredilen ýerine ýetirmek babatda ýerine ýetirijä ada bolan hukuk we abraýy goramaga bolan hukuk degişlidir. Şeýle ýerine ýetirmegi peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar ýerine ýetirijiniň zähmet gatnaşyklarynda durýan adamyna degişlidir, eger onuň bilen ýerine ýetirijiniň arasyndaky şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa.

8. Ýerine ýetirijiniň şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan aýratyn hukuklary şertnama boýunça başga adamlara berlip bilner.

31-nji madda. Fonogrammany taýýarlaýjynyň hukuklary

1. Fonogrammany taýýarlaýja öz fonogrammasy babatda fonogrammany peýdalanmagyň her bir görnüşi üçin töleg almaga bolan hukugy goşup, fonogrammany islendik görnüşde peýdalanmak üçin aýratyn hukuklar degişlidir.

2. Fonogrammany peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar şu aşakdakylara rugsat bermek ýa-da gadagan etmek hukugyny aňladýarlar:

1) fonogrammany gaýtadan döretmäge;

2) fonogrammany üýtgetmäge ýa-da başga hili gaýtadan işlemäge;

3) eýeçilik hukugyny satmak ýa-da başga hili bermek arkaly fonogrammanyň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny ýaýratmaga;

4) bu fonogrammany taýýarlaýjynyň rugsady bilen taýýarlanan nusgalyklary goşup, ýaýratmak maksady bilen fonogrammanyň nusgalyklaryny import etmäge;

5) asyl nusga we nusgalyklara bolan eýeçilik hukugyna garamazdan we fonogrammany taýýarlaýjynyň razylygy bilen olar ýaýradylandan soň hem fonogrammanyň asyl nusgasynyň ýa-da nusgalyklarynyň prokata berilmegine.

32-nji madda. Wideogrammany taýýarlaýjynyň hukuklary

1. Wideogrammany taýýarlaýja wideogrammanyň islendik peýdalanylmagy üçin töleg almaga bolan hukugy goşup, wideogrammanyň islendik görnüşde peýdalanylmagyna bolan aýratyn hukuklar degişlidir.

2. Wideogrammany peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk şu aşakdakylara rugsat bermek ýa-da gadagan etmek hukugyny aňladýar:

1) wideogrammany gaýtadan döretmäge;

2) wideogrammanyň nusgalyklaryny islendik usul bilen ýaýratmagy: satmak, prokat we başga;

3) bu wideogrammanyň taýýarlaýjynyň rugsady bilen taýýarlanan nusgalyklaryny goşup, ýaýratmak maksady bilen wideogrammanyň nusgalyklaryny import etmäge;

4) islendik usul bilen wideogrammany gaýtadan düzetmäge ýa-da gaýtadan işlemäge.

33-nji madda. Gepleşik guramalarynyň hukuklary

1. Gepleşigiň islendik pedalanylandygy üçin töleg almaga bolan hukugy goşup, gepleşik guramalaryna gepleşigiň islendik görnüşde peýdalanylandygy üçin aýratyn hukuklar degişlidir.

2. Gepleşigi peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk ýaýlym (kabel) gepleşik guramasynyň şu aşakdakylara rugsat bermek ýa-da gadagan etmek hukugyny aňladýar:

1) gepleşigi ýazmaga;

2) haçan-da gepleşigi ýazmak gepleşik guramasynyň razylygy bilen geçirilen halatyndan başga gepleşigi ýazmagyň gaýtadan döredilmegi we gepleşigi gaýtadan döretmek onuň ýazgysynyň geçirilen maksatlarynda amala aşyrylýar;

3) ýaýlym (kabel) gepleşiginiň başga guramasyna onuň ýaýlyma (kabel boýunça) şol bir wagtda habaryň berilmegi;

4) kabel boýunça gepleşigi (ýaýlyma) habar bermäge;

5) tölegli girmek bilen ýerlere gepleşigi köpçülikleýin habar bermäge.

34-nji madda. Täjirçilik maksatlary bilen çap edilen fonogramma we wideogrammanyň peýdalanylandygy üçin töleg

1. Täjirçilik maksatlary bilen çap edilen fonogrammany we wideogrammany taýýarlaýjynyň razylygy bolmazdan we şeýle fonogramma we wideogramma üçin ýerine ýetiriş ýazylan ýerine ýetirijiniň, ýöne olara töleg tölemek bilen ýerine ýetirijiniň razylygy bolmazdan şu aşakdakylara ýol berilýär:

1) fonogrammany ýa-da wideogrammany köpçülikleýin ýerine ýetirmäge;

2) fonogrammany ýa-da wideogrammany ýaýlyma bermäge;

3) kabel boýunça hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin fonogrammany ýa-da wideogrammany habar bermäge.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan tölegi ýygnamak, paýlamak we tölemek köpçülikleýin esasda fonogrammalary ýa-da wideogrammalary we ýerine ýetirijileriň hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň biri tarapyndan bu guramalaryň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Eger bu ylalaşyk bilen başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa görkezilen töleg fonogrammany ýa-da wideogrammany taýýarlaýjy bilen ýerine ýetirijiniň arasynda deň paýlanylýar.

3. Tölegiň möçberi, ony tölemegiň şertleri fonogrammany (wideogrammany) peýdalanyjynyň ýa-da şeýle peýdalanyjylaryň birleşikleri (assosiasiýalary) tarapyndan, bir tarapdan we fonogrammalary (wideogrammalary) taýýarlaýjylar bilen ýerine ýetirijileriň hukuklaryny dolandyrýan guramalar tarapyndan, beýleki tarapdan ylalaşyk bilen kesgitlenilýär, eger taraplar şeýle ylalaşygy gazanyp bilmedik mahalynda – intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Fonogrammany ýa-da wideogrammany peýdalanmagyň töleginiň möçberi her bir görnüş üçin bellenilýär.

35-nji madda. Ýerine ýetirijileriň, fonogrammalary, wideogrammalary taýýarlaýjylaryň, gepleşik guramalarynyň hukuklarynyň çäklendirmeleri

1. Şu Kanunyň 30-33-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklary çäklendirmeler şu Kanunyň 34-36-njy maddalary bilen bellenilýär, şunda şeýle çäklendirmeler ýerine ýetirişi, fonogrammalary we wideogrammalary, gepleşik guramasynyň gepleşigini we olaryň ýazgylaryny, şeýle hem olara goşulan edebiýat, ylym we sungat eserlerini kadaly peýdalanmaga ödelmedik zyýany ýetirmeýärler hem-de ýerine ýetirijiniň, fonogrammany we wideogrammany taýýarlaýjynyň, gepleşik guramasynyň we görkezilen eserleriň awtorlarynyň kanuny bähbitlerini esaslandyrylmadyk ýagdaýda kemsitmeýärler.

2. Ýerine ýetirijiniň, fonogrammany we wideogrammany taýýarlaýjynyň, gepleşik guramasynyň razylygy bolmazdan we ýerine ýetirişi, fonogrammany we wideogrammany peýdalanmagyň, gepleşik guramalarynyň gepleşigini we olaryň ýazgylaryny şu aşakdaky ýagdaýlarda peýdalanmak tölegini tölemezden ýol berilýär:

1) ýerine ýetirijiden, fonogrammadan we wideogrammadan, gepleşik guramasynyň gepleşiginden gysgaça bölekler görnüşinde sitirlemek, şunda şeýle sitirlemek öňde goýlan maksat bilen kesgitlenen möçberde ylmy, barlag, polemiki, tankydy we maglumat maksatlarynda amala aşyrylmalydyr;

2) öňde goýlan maksat bilen kesgitlenen möçberde gysgaça bölekler görnüşinde suratlar hökmünde okatmak ýa-da ylmy barlaglar;

3) ýerine ýetirişden, fonogrammadan we wideogrammadan, gepleşik guramasynyň gepleşiginden gysgaça bölekleri gündelik wakalar hakyndaky syna goşmak;

4) edebiýat, ylym we sungat eserleriniň awtorynyň emläk hukuklaryny çäklendirmek babatda şu Kanunyň II bölüminiň düzgünleri bilen bellenilen beýleki halatlarda.

3. Ýerine ýetirijiniň, fonogrammany we wideogrammany taýýarlaýjynyň, gepleşik guramasynyň razylygy bolmazdan fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetirişleri, gepleşik guramalarynyň gepleşiklerini we olaryň ýazgylaryny peýdalanmaga, şeýle hem şahsy maksatlar bilen fonogrammalary we wideogrammalary gaýtadan döretmäge ýol berilýär. Görkezilen hereketler şu Kanunyň 18-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan tertipde töleg tölenen mahalynda amala aşyrylýar.

36-njy madda. Ýerine ýetirişleri gysga möhletli peýdalanmagyň ýa-da ýaýlym gepleşik guramalary tarapyndan amala aşyrylýan gepleşigiň ýazgylary

Ýerine ýetirijiniň, fonogrammany (wideogrammany) taýýarlaýjynyň we gepleşik guramasynyň razylygy bolmazdan ýaýlym gepleşik guramasy ýerine ýetirişi gysga möhletli peýdalanmak ýazgysyny ýa-da gepleşigi amala aşyrmaga we şu aşakdaky şertlerde şeýle ýazgylary gaýtadan döretmäge haklydyrlar:

1) şeýle ýazgyny gysga möhletli peýdalanmak ýazgysynyň ýa-da gaýtadan döretmek amala aşyrylýan ýerine ýetirişi ýa-da gepleşigi ýaýlyma habar bermäge bolan rugsady ýaýlym alyp eşitdirişiniň guramasy tarapyndan deslapdan almak;

2) gysga möhletli peýdalanmak ýazgysyny taýýarlamak we ony öz enjamynyň kömegi bilen we ony öz gepleşigi üçin ýaýlym gepleşik guramasy tarapyndan gaýtadan döretmek;

3) edebiýat, ylym we sungat eserleriniň gysga möhletli peýdalanmak ýazgysy babatda şu Kanunyň 22-nji maddasynyň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan şertlerde şeýle ýazgyny ýok etmek.

37-nji madda. Gatyşyk hukuklaryň hereket ediş möhleti

1. Ýerine ýetiriji babatda şu Kanun bilen göz öňünde tutulan hukuklar birinji ýerine ýetirilen ýa-da oýun goýlan senesinden başlap 50 ýylyň içinde hereket edýär.

Ýerine ýetirijiniň adyna we ýerine ýetirijini ýa-da oýun goýmagy islendik ýoýulmadan ýa-da şu Kanunyň 30-njy maddasynda bellenen islendik başga kast etmeden goramaga bolan hukuklary möhletsiz goralýar.

2. Fonogrammany (wideogrammany) taýýarlaýjy babatda şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklar fonogramma (wideogramma) birinji çap edilenden soň 50 ýylyň içinde ýa-da eger fonogramma (wideogramma) bu möhletiň içinde çap edilmedik bolsa onuň birinji ýazylandan soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.

3. Ýaýlym gepleşik guramasynyň gepleşigi babatda şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklar onuň birinji ýaýlyma berlenden soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.

4. Kabel gepleşik guramasynyň gepleşigi babatda şu bölümde göz öňünde tutulan hukuklar kabel boýunça onuň birinji gepleşiginden soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.

5. Şu maddanyň birinji-dördünji bölümlerinde göz öňünde tutulan möhletleri hasaplamak möhletiň dowamyny başlamak üçin esas bolup durýan hukuk faktynyň bolan ýylyndan soň gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýar.

6. Ýerine ýetirişi, oýny, fonogrammany we wideogrammany ýaýlyma ýa-da kabel boýunça gepleşigi peýdalanmaga we şu maddanyň birinji-dördünji böleklerinde görkezilen möhletleriň galan böleginiň çäklerinde töleg almaga bolan hukuk ýerine ýetirijiniň, fonogrammany we wideogrammany taýýarlaýjynyň, ýaýlym we kabel gepleşik guramasynyň mirasdarlaryna (ýuridik şahslar babatda – hukuk oruntutarlara) geçýär.

Ýerine ýetirijiniň ada bolan we ýerine ýetirijiniň abraýyny goramaga bolan hukuklar miras boýunça geçmeýär. Ýerine ýetiriji aradan çykandan soň olaryň goragy awtoryň şahsy hukuklaryny goramak üçin şu Kanunyň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

IV BÖLÜM. EMLÄK HUKUKLARYNY KÖPÇÜLIKLEÝIN DOLANDYRMAK

[edit]

38-nji madda. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalary döretmek

1. Ylym, edebiýat we sungat eserleriniň awtorlary, ýerine ýetirijiler, fonogrammalary we wideogrammalary taýýarlaýjylar ýa-da awtorlyk we gatyşyk hukuklara beýleki eýelik edijiler olardan alnan ygtyýarlyklaryň çäklerinde köpçülikleýin esasda olaryň emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalary döretmäge haklydyrlar.

2. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň täjirçilik işi bilen meşgullanmaga, şeýle hem köpçülikleýin esasda dolandyrmak üçin alnan gatyşyk hukuklarynyň eserlerini we obýektlerini peýdalanmaga haky ýokdur.

3. Hukuklara eýelik edijileriň we hukuklara eýelik edijileriň bir derejesiniň bähbitlerine dürli hukuklary dolandyrýan guramalaryň, ýa-da hukuklara eýelik edijileriň dürli derejeleriniň bähbitlerine hukuklaryň bir görnüşi bilen dolandyrýan guramalaryň dürli hukuklar we dürli derejeler boýunça aýratyn guramalarynyň döredilmegine ýol berilýär.

4. Emläk hukuklaryny köpçülikleýin dolandyrmaga bolan ygtyýarlyklar gös-göni awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijiler tarapyndan ýazmaça şertnamalaryň esasynda, şeýle hem şuňa meňzeş hukuklary dolandyrýan daşary ýurt guramalary bilen degişli şertnamalar boýunça berilýär. Görkezilen şertnamalar awtorlyk hukuklary bolup durmaýar we olara şu Kanunyň 27-nji we 28-nji maddalarynyň düzgünleri degişli däldir.

5. Emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalar jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň bellige alnan senesinden başlap ýuridik şahsyň hukuklaryny edinýän jemgyýetçilik birleşikleri görnüşinde awtorlyk we gatyşyk hukuklaryna eýelik edijiler tarapyndan döredilýär. Şeýle guramalar bellenilen tertipde tassyklanylýan tertipnamanyň esasynda awtorlyk we gatyşyk hukuklaryna eýelik edijilerden alnan ygtyýarlyklaryň çäklerinde hereket edýärler.

Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň tertipnamalarynda şu babyň talaplaryna jogap berýän düzgünler bolmalydyr. Köpçülikleýin esasda awtorlaryň emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalary hasaba almakdan boýun gaçyrylmagyna şu babyň talaplary şeýle hem jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy berjaý edilmedik halatlarynda ýol berilýär.

6. Görkezilen guramanyň işine emläk hukuklary bilen olary dolandyrýan awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň eýeleri ýolbaşçylyk edýärler. Tölegiň möçberi we peýdalanyjylar bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmagyň şertleri, toplanan tölegi paýlamagyň we tölemegiň usuly hem-de şeýle guramanyň işiniň beýleki meseleleri babatda kararlary kabul etmek diňe umumy ýygnakda kollegial awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijiler tarapyndan amala aşyrylýar.

39-njy madda. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň işi

1. Islendik awtor, onuň mirasdary ýa-da awtorlyk we gatyşyk hukuklaryna eýelik ediji öz emläk hukuklarynyň amala aşyrylmagyny köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan gurama bermäge haklydyr, gurama bolsa, eger hukuklaryň şeýle derejesini dolandyrmak bu guramanyň tertipnamalaýyn işine degişli bolsa, bu hukuklaryň köpçülikleýin esasda amala aşyrylmagyny öz üstüne almaga borçludyr.

Şu Kanunyň 3-nji maddasynyň 1-5-nji bentlerine laýyklykda hukuklary Türkmenistanyň çäginde goralýan, fiziki we ýuridik şahslar bolup durmaýan daşary ýurt awtorlary ýa-da awtorlyk we gatyşyk hukuklara beýleki eýelik edijiler Türkmenistanyň çäginde emläk hukuklaryny dolandyrmak babatda milli düzgünden peýdalanýarlar.

2. Awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijilerden alnan ygtyýarlyklary esasynda köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan gurama eserleri we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini peýdalanmagyň degişli usullary üçin peýdalanyjylar bilen ygtyýarnama şertnamalaryny baglaşýar. Şeýle ygtyýarnama şertnamalarynyň şertleri bir derejedäki ähli peýdalanyjylar üçin birmeňzeş bolmalydyr. Görkezilen guramalaryň muňa ýeterlik esaslary bolmazdan ygtyýarnama şertnamalaryny baglaşmak peýdalanyjydan ýüz öwürmäge haky ýokdur.

Ygtyýarnama şertnamalary boýunça alnan ygtyýarnamalar olarda göz öňünde tutulan ähli eserleriniň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň usullary bilen peýdalanmaga rugsat berýärler we şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde gurama berilmedik ygtyýarlyklary goşup, awtorlyk we gatyşyk hukuklara ähli eýelik edijileriň adyndan berilýär.

3. Awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijileriň ygtyýarnama şertnamalary boýunça eserleri we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini olaryň peýdalanmagy bilen baglanyşykly peýdalanyjylara mümkin bolan ähli emläk nägilelikleri köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan, ygtyýarnama şertnamalaryny baglaşýan gurama tarapyndan düzgünleşdirilmelidir.

4. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň tölegi ýygnamak we paýlamak üçin gerek bolan eserleri we gatyşyk hukuklaryň obýektlerini peýdalanmak hakynda takyk maglumatlary özünde saklaýan resminamalary bermegini eserleri peýdalanyjylardan we gatyşyk hukuklaryň obýektlerinden talap etmäge haklydyrlar.

5. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan gurama ony paýlanylýan pul möçberlerine ýa-da awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklara eýelik edijileriň özlerine berýän bähbitlerinde başga maksatlara ýüzlenip, guramanyň hasabyna onuň gelip gowşan senesinden başlap üç ýylyň geçmegi bilen talap edilmedik tölegi saklamaga haklydyr.

40-njy madda. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň wezipeleri

Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan gurama awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijileriň özüne berýäniň adyndan we olardan alnan ygtyýarlyklaryň esasynda şu aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirmelidir:

1) dolandyrmak bilen şeýle guramanyň meşgullanýan hukuklaryny peýdalanmak üçin peýdalanyjylar bilen ygtyýarnama şertnamalaryny baglaşmak;

2) peýdalanyjylar bilen tölegiň möçberini we ygtyýarnama şertnamalaryň baglaşylýan beýleki şertlerini ylalaşmak;

3) şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, haçan-da gurama ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmazdan şeýle tölegi ýygnamak bilen meşgullanýan halatlarda tölegiň möçberini peýdalanyjylar bilen ylalaşmak (13-nji maddanyň bäşinji bölegi, 18-nji maddanyň üçünji bölegi, 34-nji maddanyň ikinji bölegi);

4) ygtyýarnama şertnamasynda göz öňünde tutulan tölegi we (ýa-da) şu maddanyň üçünji bendinde göz öňünde tutulan tölegi ýygnamak;

5) şu maddanyň dördünji bendine laýyklykda özüniň awtorlyk we gatyşyk hukuklaryna eýelik edijilere berýän tölegini paýlamak we tölemek;

6) dolandyrmak bilen şeýle guramanyň meşgullanýan hukuklaryny goramak üçin gerek bolan islendik hukuk hereketlerini amala aşyrmak;

7) awtorlyk we gatyşyk hukuklaryna eýelik edijilerden alnan ygtyýarlyklara laýyklykda başga işi amala aşyrmak.

41-nji madda. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalaryň borçlary

1. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklaryny dolandyrýan guramanyň işi şeýle gurama tarapyndan berilýän awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijileriň bähbitlerine amala aşyrylýar. Bu maksatlar bilen gurama şu aşakdaky borçlary ýerine ýetirmelidir:

1) bir wagtda töleg tölemek bilen awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň eýelik edijilerine olaryň hukuklaryny peýdalanmak hakynda maglumatlary bolan hasabatlary bermek;

2) şu Kanunyň 40-njy maddasynyň 4-nji bendiniň düzgünlerine laýyklykda ýygnalan tölegi awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň eýelik edijilerine paýlamak we tölemek üçin peýdalanmak. Şunda guramanyň şeýle tölegi ýygnamak, paýlamak we tölemek boýunça öz hakyky çykdajylaryny ýapmaga ýygnalan tölegiň pul möçberinden, şeýle hem awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijileriň razylygy bilen we özüne berilýän bähbitlerde bu gurama tarapyndan döredilýän ýörite gaznalara gönükdirilýän pul möçberinden tutup almaga haklydyr;

3) şu maddanyň şu böleginiň 2-nji bendinde görkezilen pul möçberlerini eserleriň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň hakyky peýdalanylmagyna barabar pul möçberlerini tutup almak bilen tölegiň toplanan pul möçberlerini paýlamak we yzygiderli tölemek.

2. Şu Kanunyň 39-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda tölegi ýygnamak babatda guramanyň ygtyýarlyklaryny bermedik awtorlyk we gatyşyk hukuklary eýelik edijiler geçirilen paýlamaga laýyklykda özlerine tölenmäge degişli tölegi, şeýle hem bu gurama tarapyndan peýdalanyjylara berilýän ygtyýarnamalardan öz eserleriniň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň aýrylmagyny talap etmäge haklydyr.

3. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrylýan daşary ýurt guramalary özara wekilçilik hakyndaky ylalaşyga laýyklykda görkezilen daşary ýurt guramasy tarapyndan berilýän daşary ýurt awtorlara we beýleki awtorlyk hukuklaryna eýelik edijilere tölenmäge degişli paýlanan töleg hakynda maglumatlar soramaga haklydyrlyr.

42-nji madda. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrylýan guramalaryň işine gözegçilik

1. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrylýan gurama intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna şu aşakdaky maglumatlary bermäge borçludyr:

1) guramanyň tertipnamasyna we beýleki esaslandyryjy resminamalaryna girizilen üýtgetmeler hakynda;

2) şu zeýilli hukuklar bilen dolandyrylýan daşary ýurt guramalary bilen guramanyň baglaşýan ylalaşyklary hakynda;

3) umumy ýygnagyň kararlary hakynda;

4) talap edilmedik tölegler we guramanyň işiniň auditor barlagy hakynda maglumatlary goşup, ýyllyk maliýe hasabat hakynda;

5) gurama wekilçilik etmäge ygtyýarly adamlar hakynda maglumatlar.

2. Intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy, zerur mahalynda guramanyň işiniň jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky kanunçylyga ýa-da başga kanunçylyga, şeýle hem şeýle guramanyň tertipnamasyna laýyk gelşini barlamak üçin gerek bolan goşmaça maglumaty köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrýan guramadan talap etmäge haklydyr.

3. Köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrylýan gurama tarapyndan şu babyň talaplary berjaý edilmedik halatlarynda intellektual eýeçilik boýunça ygtyýarly döwlet edarasy paýhasly bellenen möhletiň içinde ýol berlen düzgün bozmany düzetmegi guramadan talap etmäge haklydyr. Düzgün bozma düzedilmedik mahalynda görkezilen edara bu guramany ýatyrmak hakynda meseläni bellenen tertipde goýmaga haklydyr.

V BÖLÜM. AWTORLYK WE GATYŞYK HUKUKLARY GORAMAK

[edit]

43-nji madda. Awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň bozulmagy. Kontrafakt nusgalyklary

1. Awtorlyk we gatyşyk hukuklary bozmak bilen taýýarlanan ýa-da ýaýradylýan eserleriň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň nusgalary kontrafakt bolup durýarlar.

2. Awtorlyk hukugyna we gatyşyk hukuklara eýelik edijileriň razylygy bolmazdan bu eserleriň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň goralmagyny bes eden ýa-da hiç mahal goralmadyk döwletinden Türkmenistana import edilýän, şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanda goralýan eserleriň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň nusgalyklary hem kontrafakt bolup durýarlar.

3. Şu Kanunda göz öňünde tutulan awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda raýat, jenaýat, administratiw jogapkärçilige eltýär.

44-nji madda. Awtorlyk we gatyşyk hukuklaryny goramagyň usullary

1. Awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijiler düzgün bozujydan şu aşakdakylary talap etmäge haklydyrlar, hususan-da:

1) bu hukuklaryň ykrar edilmegini;

2) hukuk bozulmazdan öň bar bolan ýagdaýyň dikeldilmegini;

3) hukuklary bozýan ýa-da olaryň bozulmagyna howp döredýän hereketleriň bes edilmegini;

4) alynmadyk peýdany goşmak bilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny;

5) ýitgileriň öwezini dolmagyň deregine awtorlyk we gatyşyk hukuklary bozmagynyň netijesinde düzgün bozujy tarapyndan alnan girdejiniň tutulyp alynmagyny;

6) ýitgileriň öwezini dolmagyň we girdejini tutup almagyň deregine kazyýet tarapyndan kesgitlenýän möçberde öwez pulunyň tölenilmegini;

7) awtorlyk we gatyşyk hukuklary goramak bilen baglanyşykly kanunçylykda göz öňünde tutulan namalar bilen çäreleriň kabul edilmegini.

Şu maddanyň şu böleginiň 4-nji, 5-nji, 6-njy bentlerinde görkezilen çäreler awtorlyk hukugyna we gatyşyk hukuklara eýelik edijiniň saýlamagy boýunça ulanylýar.

2. Awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijiler, şeýle hem olara wekilçilik edýän köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrylýan guramalar öz hukugynyň goragy üçin bellenilen tertipde kazyýete ýa-da başga edaralara olaryň ygtyýarlygyna laýyklykda ýüz tutmaga haklydyrlar.

3. Kazyýet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kontrafakt nusgalyklaryny, şeýle hem olary taýýarlamak we gaýtadan döretmek üçin peýdalanylýan materiallary we enjamlary muzdsuz almak hakynda karar çykaryp biler.

4. Muzdsuz alnan kontrafakt nusgalyklary ýok edilmäge degişlidir ýa-da awtorlyk hukugyna we gatyşyk hukuklara eýelik edijä onuň talap etmegi boýunça berlip bilner.

Muzdsuz almalar üçünji şahslar tarapyndan päk ýürekli edinilen eseriň, fonogrammanyň ýa-da wideogrammanyň kontrafakt nusgalyklaryna degişli däldir.

45-nji madda. Awtorlyk we gatyşyk hukugynyň goragy boýunça tehniki serişdeler

1. Awtorlyk we gatyşyk hukuklarynyň goragy boýunça tehniki serişdeler hökmünde awtor ýa-da beýleki hukuk eýelik edijileri tarapyndan eseriň ulanylyşyna gözegçilik edýän, esere degişli gadagan edilen islendik hereketleriň amala aşyrylmagynyň öňüni alýan ýa-da çäklendirýän islendik tilsimatlar, tehniki enjamlar ýa-da olaryň düzüm bölekleri ykrar edilýär.

2. Eser bilen baglylykda aşakdaky hereketlere ýol berilmeýär:

1) awtoryň ýa-da beýleki hukuk eýelik edijileriň rugsadyny almazdan awtoryň hukugyny goramak boýunça tehniki serişdeleri ulanmak arkaly eseriň ulanylmagyna garşy goýlan çäklendirmeleri aýyrmaga gönükdirilen hereketleri amala aşyrmaga;

2) awtorlyk we gatyşyk hukuklaryny goramak boýunça tehniki serişdeleriň ulanylmagyna mümkinçilik galdyrmaýan ýa-da bu tehniki serişdeleriň görkezilen hukuklary zerur derejede üpjün etmesini kynlaşdyrýan islendik tilsimatyň, tehniki enjamyň ýa-da olaryň düzüm bölekleriniň girdeji almak maksady bilen taýýarlanylmagyna, ýaýradylmagyna, kärendesine berilmegine, wagtlaýyn muzdsuz ulanmaga berilmegine, ýurduň daşyndan getirilmegine, mahabatlandyrylmagyna ýa-da şeýle hyzmatlaryň hödürlenilmegine;

3) şu maddanyň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan düzgünleriň bozulan halatynda awtor ýa-da beýleki hukuk eýelik edijileri şu Kanunyň 44-nji maddasyna laýyklykda öz saýlawy boýunça kanuny bozujydan ýitgileriň öwezini dolmagy ýa-da öwez tölegini tölemegi talap etmäge haklydyr.

VI BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

[edit]

46-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen pursadyndan güýje girýär.

2. Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilýänçä olar şu Kanuna ters gelmeýändigine görä ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 10-njy ýanwary.

№ 257-IV


Public domain in U.S.
Public domain in U.S.
This work is in the public domain in the U.S. because it is an edict of a government, local or foreign. See § 313.6(C)(2) of the Compendium of U.S. Copyright Office Practices, 3rd ed. 2014 (Compendium (Third)) . Such documents include "legislative enactments, judicial decisions, administrative rulings, public ordinances, or similar types of official legal materials."

These do not include works first published by the United Nations or any of its specialized agencies, or by the Organization of American States. See Compendium (Third) § 313.6(C)(2) and 17 U.S.C. § 104(b)(5).


A non-American governmental edict may still be copyrighted outside the U.S. Similarly, the above U.S. Copyright Office Practice does not prevent U.S. states or localities from holding copyright abroad, depending on foreign copyright laws and regulations.

English | español | français | italiano | 日本語 | +/−