Lebap, hoş imdi

From Wikisource
Jump to navigation Jump to search
Lebap, hoş imdi
by Seýitnazar Seýdi


Lebap, hoş imdi


Sakar ili bilen ärsary bolup,
Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi.
Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp,
Kimse çekip dürli azap, hoş imdi.

Kinämiz ýok sen gadyrdan watandan,
Ynjadyk Mirhaýdar ýerler ýuwtandan,
Tä ölinçä üstümizden ötenden,
Gezsek gerek seni sorap, hoş imdi.

Seniň üçin jepa çekdik, jan berip,
Ekin ekdik, doga aldyk, nan berip,
Hyrajyňy, salgydyňy kän berip,
Gezdik köp işiňe ýarap, hoş imdi.

Zowky-sapa sürüp, birnäçe ýyllar,
Seb diýip oturdy, munda köp iller,
Pil urup düzülen atyzlar-çiller,
Eýesiz galdyňyz garap, hoş imdi.

Haknyň bergenine edip kanagat,
Oturmyşdyk tapyp, aýşy-parahat,
Söhbet üçin bina bolgan ymarat,
Galar bolduň itler ýalap, hoş imdi.

Ýüz elwan miweli bag-u bossanlar,
Hoş öten baharlar hem zemissanlar,
Bizden araňyza niçe dessanlar,
Salyp galan kuran kitap hoş imdi.

Sizler bizden tapamaýasyz webaly,
Ýok indi hiç kimiň gitmek hyýaly,
Bakjalaryň näzik biten nahaly,
Oturyň başyňyz yrap, hoş imdi.

Gülşende sebz olup açylan güller,
Dost bilen ýanaşyp ýörülen ýollar,
Bize pata üçin göterip gollar,
Bolmady sizlerden jogap hoş imdi.

Özge begler Mirhaýdara höwesdir,
Bilseňiz ol halkyň ykbaly pesdir,
Bize Soltannyýazyň begligi besdir,
Gaharguly hana garap, hoş imdi.

Ýüz elli ýyl watan diýip gezildi,
Ekinler ekildi, ýaplar gazyldy,
Müň iki ýüz bir kem kyrkda ýazyldy,
Taryhyn etseňiz hasap, hoş imdi.
 
Seýdi diýer, indi tükendi sözüm,
Gideýin, sizleri görmesin gözüm,
Gol-aýagyn her ýan uzadyp üzüm,
Ýat parahat başyň büräp, hoş imdi.




This work was published before January 1, 1929, and is in the public domain worldwide because the author died at least 100 years ago.