Dönmenem, begler

From Wikisource
Jump to navigation Jump to search
Dönmenem, begler
by Seýitnazar Seýdi


Dönmenem, begler


Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!

Ilim üçin şirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!

Ýesir galmaz oglan-uşak aglaýyp,
Oda düşmez, aşyk ýürek daglaýyp,
Men hem şu gün Murtuzadan çaglaýyp,
Kasam kyldym, ondan dönmenem, begler!

Tomaşa eýläňler kylan urşuma,
Ýüz müň leşger çyka bilmez garşyma,
Är ýigit men mertlik bilen durşuma,
Oda urarlar, men hem ýanmanam, begler!

Är men diýen çyksyn bile ýörmäge,
Leşger tartyp, Mirhaýdary urmaga,
Il-gün üçin şirin janym bermäge,
Urdum başym, şertden synmanam, begler!

Hak ezelden saldy meni bu ýola,
Jan bermeýen, diri düşmenem gola,
Tomaşa kylyňlar bulanan syla,
Niçe gan ýuwutdym, ganmanam, begler!

Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duşmanym-parhyn biler men,
Söweşde galmanam, şat men, güler men,
Namart bolup, dünýä inmenem, begler!

Ýat kylar men Göroglyny, Zamany,
Aly Murtuzany-Şahymerdany,
Rüstem-Zal, Isgender, Gajar Pälwany,
Orta atdym, köpün sanmanam, begler!

Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ýürek höwesläp,
Gaçmanam, öler men, köp leşger toslap,
Söweş üçin çykdym, dönmenem, begler!



This work was published before January 1, 1929, and is in the public domain worldwide because the author died at least 100 years ago.

Public domainPublic domainfalsefalse