Görülsin imdi

From Wikisource
Jump to navigation Jump to search
Görülsin imdi
by Seýitnazar Seýdi


Görülsin imdi


Gorky ede-ede ryswamyz çykdy,
Her ne kysmat bolsa, görülsin imdi!
Zalym duşman ahyr ýurdumyz ýykdy,
Köp ýatdyk ýaranlar, turulsyn imdi!

Möwlam bermiş bize niçe galany,
Kytnamy, Perwerdi, Halaç-Jelany,
Başdan-aýak ýygyp hurdu-kelany,
Çärjewiň üstüne ýörülsin imdi!

Gaýrat edip şirin jandan geçeli,
Gylyçdan gyrmyzy ganlar seçeli,
Duşman bilen aramyzy açaly,
Hemme şol ykrara gurulsyn imdi!

Bir ýerde top bile baýdak dikilsin,
Goşun iki ýandan sap-sap çekilsin,
Kelleler kesilsin, ganlar dökülsin,
Arada gurt oýny gurulsyn imdi!

Eger her kim gorky etse janyndan,
Aýrylmasyn aýalynyň ýanyndan,
Il gaçsa, aýrylar hanymanyndan,
Dogry durup, gylyç urulsyn imdi!

Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duşman geçe bilmez derýadan bäri,
Her ýigidiň söweş bolsa hünäri,
Öňümize salyp sürülsin imdi!

Ýagy bolsa salyr, sarygu-teke,
Biz munda il bolmak ogşamaz ýeke,
Beýle oturynça pel çeke-çeke,
Bir gylyja kuwwat berilsin imdi!



This work was published before January 1, 1929, and is in the public domain worldwide because the author died at least 100 years ago.

Public domainPublic domainfalsefalse